Bu dünýäniň hökümdary şeýtan iman etmedikleriň aňyny baglady. Şonuň üçin-de olar Hudaýyň keşbi bolan Isa Mesihiň şöhratynyň Hoş Habarynyň nuruny görüp bilmeýärler.
2 Korintoslylar 4:4
Gündelik Ýagtylyk

Bu dünýäniň hökümdary şeýtan iman etmedikleriň aňyny baglady. Şonuň üçin-de olar Hudaýyň keşbi bolan Isa Mesihiň şöhratynyň Hoş Habarynyň nuruny görüp bilmeýärler.
2 Korintoslylar 4:4
Şonda Rebbiň şöhraty aýan bolar, ähli ynsanlar ony birlikde görerler, muny aýdýan Rebdir».
Işaýa 40:5
Hudaýy hiç kim asla gören däldir. Bize Ony Atasynyň gujagyndaky, Özi-de Hudaý bolan ýeke-täk Ogly tanatdy.
Ýohanna 1:18
Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan doludy. Biz Onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen Ýeke-tägiň şöhratyny gördük.
Ýohanna 1:14
Isa oňa şeýle diýdi: «Eý, Filip, Men siziň bilen şeýle köp wagt bolsam-da, Meni tanamadyňmy? Meni gören Atany-da görendir. Seniň „Atany bize görkez“ diýmäň näme?
Ýohanna 14:9
Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymydyr, Onuň barlygynyň keşbidir. Ol bütin älem-jahany gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden päkländen soň, gökde beýik Hudaýyň sagynda oturdy.
Ýewreýler 1:3
Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.
1 Timoteos 3:16
Ogly arkaly günälerimizi bagyşlap, bizi azatlyga çykardy. Mesih görünmeýän Hudaýyň keşbidir, bütin ýaradylyşyň ilkinji doglany Oldur.
Kolosiýalylar 1:14–15
Çünki Hudaý olary ezelden saýlap-seçdi we Ogluna meňzetmegi owaldan karar etdi. Ol muny Isa Mesihiň köp sanly doganlarynyň arasynda nowbahar bolmagy üçin amal etdi.
Rimliler 8:29
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
26 iýul 2024
Ýewreýler 11:8
25 iýul 2024
1 Ýohanna 3:14
24 iýul 2024
Rimliler 12:12
23 iýul 2024
1 Korintoslylar 15:24
22 iýul 2024
Rimliler 6:10
21 iýul 2024
Rimliler 3:1–2
20 iýul 2024
Ýohanna 17:16

Umut
Kyn döwürlerde maşgalaňyz üçin umyt tapyň. Bu makala Hudaýyň üýtgewsiz tebigatynyň, Onuň Sözüniň we…
Isa Mesih
Bu goşgy we Mukaddes Ýazgylar Mesih Isanyň durmuşynyň, ölüminiň we direlişiniň çuňňur syryny beýan edýär. Ol…
Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…
Sabyr
Ýusubyň türme tejribesi kynçylyklarda sabyrlylygy we Hudaýa garaşmagy öwredýär. Hudaýyň synaglary imany we…
Ölümden Soňky Durmuş
Pawlusyň 2 Korinfliler 12-däki görnüşiniň yşygynda ölüme ýakyn tejribeler baradaky talaplary derňäň. Hakykaty…

Umut
Kyn döwürlerde maşgalaňyz üçin umyt tapyň. Bu makala Hudaýyň üýtgewsiz tebigatynyň, Onuň Sözüniň we…

Isa Mesih
Bu goşgy we Mukaddes Ýazgylar Mesih Isanyň durmuşynyň, ölüminiň we direlişiniň çuňňur syryny beýan edýär. Ol…

Ruhy Ösüş
Mesihçiler adamzada mahsus bolan, günä we Mesihiň yzyna düşmek bilen bagly kynçylyklara duçar bolýarlar…
Ruhy Ösüş
Şu on iki çuňňur sorag bilen ruhy syýahatyňyz barada oýlanyň. Hudaý bilen ýörişiňizi seljeriň, ileri tutulýan…

Sabyr
Ýusubyň türme tejribesi kynçylyklarda sabyrlylygy we Hudaýa garaşmagy öwredýär. Hudaýyň synaglary imany we…