Ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsan bu jandara sežde eder. Bu jandara diňe dünýä ýaradylmazdan öň atlary Ýaşaýyş kitabyna ýazylan adamlar sežde etmez. Ýaşaýyş kitaby damagy çalnan Guzynyňkydyr.
Aýanlyk 13:8
Gündelik Ýagtylyk

Janlyňyz hiç hili şikessiz bolmalydyr. Muňa siz birýaşar tokly ýa-da birýaşar çebiş saýlap bilersiňiz. Siz ony şu aýyň on dördi gününe çenli saklaň we şol gün gije bütin ysraýyl jemagatynyň hersi öz saýlap goýan janlysyny soýup öldürer. Soňra olar janlynyň ganyndan alyp, onuň eti iýiljek öýleriň gapylarynyň ikiýan söýesine hem-de üstki söýesine çalsynlar.
Müsürden çykyş 12:5–7
Bolýan öýleriňiziň gapysyna çalnan gan siziň üçin nyşan bolar. Men ol gany görenimde, siziň üstüňizden sowlup geçerin. Men Müsüri jezalandyranymda, hiç hili betbagtlyk sizi weýran etmez.
Müsürden çykyş 12:13
Siz täze ähtiň Binýatçysy Isanyň huzuryna geldiňiz. Habylyň öç almaga gygyrýan ganyna däl-de, eýsem günälerimizi ýuwmak üçin sepilen Isanyň ganyna ýakynlaşdyňyz.
Ýewreýler 12:24
Petirlik hamyr bolup bileriňiz ýaly, köne hamyrmaýany aýryp taşlaň. Aslynda şol petirlik hamyr sizsiňiz! Çünki biziň Pesah janlymyz – Isa Mesih eýýäm gurban edilendir.
1 Korintoslylar 5:7
Hudaý Öz tutan maksadyna görä, Isany siziň eliňize bermegi öňden karar edipdi. Siz Ony kesekileriň eli bilen tutduňyz we haça çüýläp öldürdiňiz.
Resul 2:23
Hudaý bizi eden işlerimize görä däl-de, Öz maksadyna we merhemetine görä halas edip, Onuň mukaddes halky bolmaga çagyrdy. Bu merhemet dünýä ýaradylmazdan öň Isa Mesih arkaly berlip,
2 Timoteos 1:9
Hudaý çuňňur baý merhemeti bilen Oglunyň döken gany arkaly günälerimizi bagyşlap, bizi azat etdi.
Efesliler 1:7
Şunlukda, Mesihiň dünýäde ejir çekişi ýaly, siz hem şeýle pikirler bilen ýaraglanyp, muňa taýýar boluň. Sebäbi Mesih üçin ejir çekmäge taýyn bolsaňyz, günä etmekden ýüz öwrensiňiz. Indi bu bedendäki galan ýaşajak ömrüňizde ynsanyň islegine däl-de, Hudaýyň islegine eýeriň.
1 Petrus 4:1–2
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
1 awg 2024
Efesliler 2:8
31 iýul 2024
2 Timoteos 2:3
30 iýul 2024
Kolosiýalylar 3:1
29 iýul 2024
Işaýa 64:1
28 iýul 2024
Efesliler 5:2
27 iýul 2024
2 Korintoslylar 4:4
26 iýul 2024
Ýewreýler 11:8
Halasgärlik
Hudaýyň Guzusynyň ähli zerurlyklar üçin ýeterlik bolan çuňňur täsirini öwreniň. Guzynyň bir oglanjykdan…
Günä
Dawudyň kejirligi ony rugsat berilmedik ilat ýazuwyny geçirmäge, Hudaýyň sözüni we akylly maslahaty…

Iman
Hudaýy söýmek, başgalara hyzmat etmek we Mesihiň gaýdyp gelmegine garaşmak arkaly hakyky bagtly täze ýyly…
Günä Tebigaty
11-nji sentýabr wakalary ynsan ýüreginiň çuňňur bozuklygyny, ähliumumy öz-özüňe gönükdirilenligi görkezdi…
Günä
Mesihçiler günä edende, olaryň Hudaý bilen gatnaşygy howpsuz, ýöne agzybirlik bozulýar. Ykrar etmek we…
Halasgärlik
Bir ýaş ýigit häkimiň günäsini ret edip, jezalandyryldy. Hudaýyň günäleriňiz üçin beren günäsini ret etmegiň…