Şypa tapar ýaly, günäleriňizi biri-biriňiziň ýanynda boýun alyp, biri-biriňiz üçin doga-dileg ediň. Dogruçyl adamyň yhlasly dilegi güýçli we täsirlidir.
Ýakup 5:16
Gündelik Ýagtylyk

Şypa tapar ýaly, günäleriňizi biri-biriňiziň ýanynda boýun alyp, biri-biriňiz üçin doga-dileg ediň. Dogruçyl adamyň yhlasly dilegi güýçli we täsirlidir.
Ýakup 5:16
Ybraýym oňa şeýle ýüzlendi: «Seniň öňüňde tozdur kül kimin bolsam-da, men Sen Taňrym bilen gepleşmäge ýürek edýän. Eger galadaky bigünäleriň sany kyrk bäş bolaýsa, şonda nädersiň? Bäş adamyň kemterlik edýändigi üçin Sen tutuş galany weýran edermiň?» Ol Ybraýyma: «Eger-de Men ol ýerden kyrk bäş sany bigünäni tapsam, onda ony weýran etmerin» diýip jogap berdi.
Gelip çykyş 18:27-28
Şeýlelik bilen, Pilat olaryň talabyny berjaý etmek kararyna geldi.
Luka 23:24
Emma Men size diýýärin: duşmanlaryňyzy söýüň, özüňizi yzarlaýanlar üçin doga-dileg ediň.
Matta 5:44
Olar üçin Saňa ýalbarýaryn. Dünýä üçin däl-de, Maňa beren adamlaryň üçin ýalbarýaryn, çünki olar Seniňkidir.
Ýohanna 17:9
Men diňe olar üçin däl, eýsem olaryň wagzy bilen Maňa iman etjekler üçin-de dileg edýärin.
Ýohanna 17:20
Biri-biriňize hemaýatkär boluň. Şeýle etseňiz, Mesihiň kanunyny berjaý etdigiňiz bolar.
Galatýalylar 6:2
Şypa tapar ýaly, günäleriňizi biri-biriňiziň ýanynda boýun alyp, biri-biriňiz üçin doga-dileg ediň. Dogruçyl adamyň yhlasly dilegi güýçli we täsirlidir. Ylýas hem biziň ýaly adaty bir ynsandy. Ol ýagyş ýagmasyn diýip, yhlas bilen dileg etdi. Şeýlelikde, üç ýyl alty aýlap ýer ýüzüne ýagyş ýagmady.
Ýakup 5:16-17
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
16 awg 2024
1 Chronicles 22:5
15 awg 2024
Hebrews 13:20-21
14 awg 2024
Nehemiah 8:10
13 awg 2024
Hebrews 11:16
12 awg 2024
Lamentations 3:31-32
11 awg 2024
Hebrews 2:14
10 awg 2024
John 17:15
Günä
Günebakar we bägül güllerinden ruhy sapaklary öwreniň. Gizlin günäleri nädip ýüze çykarmalydygyny…
Hudaýyň Patyşalygy
Hudaýyň patyşalygynyň ruhy tebigatyny, onuň taryhy kontekstini we mesihçileriň raýatlar hökmünde nädip…
Nika
Maşgala düşünişmezliklerini tekepbirligi çözmek, şahsy jogapkärçilik almak, ýalňyşlyklary boýun almak we…
Akyl Saglygy
Ylýasyň hekaýasy arkaly Mukaddes Kitabyň depressiýa nähili çemeleşýändigini öwreniň. Hudaýyň ýadaw guly üçin…
Söýgi, şatlyk we parahatçylyk ýaly Mukaddes Ruhyň dokuz miwesiniň nikanyňyzy nädip berkitjekdigini öwreniň.

Nika
Maşgala düşünişmezliklerini tekepbirligi çözmek, şahsy jogapkärçilik almak, ýalňyşlyklary boýun almak we…

Akyl Saglygy
Ylýasyň hekaýasy arkaly Mukaddes Kitabyň depressiýa nähili çemeleşýändigini öwreniň. Hudaýyň ýadaw guly üçin…
Halasgärlik
Näme üçin indi Mesih hakda oýlanmak üçin kabul edilen wagtdygyny, durmuşyň soňky döwürlerinde däldigini…