Ýa-da ol pena yzlap, Maňa ýapyşsyn, Meniň bilen ýaraşyk etsin, ýaraşyk etsin Meniň bilen.
Işaýa 27:5
Gündelik Ýagtylyk

Ýa-da ol pena yzlap, Maňa ýapyşsyn, Meniň bilen ýaraşyk etsin, ýaraşyk etsin Meniň bilen.
Işaýa 27:5
Çünki siziň üçin niýetlän meýillerimi Özüm bilýärin. Muny Reb aýdýandyr. Bular size ýamanlyk etmek däl-de, umytly geljek bermek üçin parahatlyk niýetleridir.
Ýermeýa 29:11
indi bolsa Isa Mesihe degişlisiňiz. Siz birwagtlar Hudaýdan uzakdyňyz, indi bolsa Isa Mesihiň döken gany arkaly Oňa ýakynsyňyz. Hakykatdanam, Mesihiň Özi biziň parahatlygymyzdyr. Ol Öz janyny gurban edip, bu iki topary bir etdi, olaryň arasyndaky duşmançylyk diwaryny ýykyp taşlady.
Efesliler 2:13-14
Çünki Hudaý doly kämilliginiň Isada ornaşmagyny makul bildi. Mesihiň haçda döken gany arkaly parahatçylygy berkarar edip, Hudaý ýerdäki we gökdäki ähli zady Özi bilen ýaraşdyrmagy makul bildi.
Kolosiýalylar 1:19-20
Ýöne olar Hudaýyň merhemeti arkaly aklandylar, Isa Mesih arkaly günäleriniň jezasyndan azat edildiler. 25-26 Hudaý Öz adalatyny görkezmek üçin Isa Mesihi iberip, Onuň dökülen gany arkaly iman edýänleri Özi bilen ýaraşdyrdy. Hudaý ozalky döwürde edilen günälere geçirimlilik etdi. Indi bolsa Isa Mesihe iman edýän her kesi aklaýar. Şeýdip, Ol Özüniň adalatlydygyny subut edýär.
Rimliler 3:24-26
Emma günälerimizi boýun alsak, sadyk hem adalatly Hudaý günälerimizi bagyşlar we bizi her hili ýamanlykdan tämizlär.
1 Ýohanna 1:9
Rebbe ebedilik bil bagla, çünki Beýik Hudaý ebedi Gaýadyr.
Işaýa 26:4
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
22 dek 2024
1 Thessalonians 1:3
21 dek 2024
Isaiah 60:20
20 dek 2024
Ephesians 1:4
19 dek 2024
Psalms 112:4
18 dek 2024
Hebrews 4:16
17 dek 2024
Psalms 80:18
16 dek 2024
John 13:1

Hudaýyň hökümdarlygy
Ysraýylyň 70 ýyllyk Babil ýesirligini, Hudaýyň terbiýe maksadyny we Onuň dikeldiş wadasyny öwreniň.
Günä Tebigaty
11-nji sentýabr wakalary ynsan ýüreginiň çuňňur bozuklygyny, ähliumumy öz-özüňe gönükdirilenligi görkezdi…
Günä
Günä bizi Hudaýdan aýyrýar. Halas bolmak üçin Isaň ganyna ynanmak arkaly bagyşlamany nädip almaklygy we Onuň…
Günä
Bir söhbetdeşlik tekepbirlik we özümçillik ýaly içki duşmanlary ýüze çykarýar. Hudaýyň Mesihiň gurbany arkaly…
Howa
El Niňo Isanyň gelmegine dürli jogaplar ýaly, dürli global täsirleri getirýär. Mesih çaga öz reaksiýaňyzy göz…

Hudaýyň hökümdarlygy
Ysraýylyň 70 ýyllyk Babil ýesirligini, Hudaýyň terbiýe maksadyny we Onuň dikeldiş wadasyny öwreniň.
Halasgärlik
Gowy işler size jennetde ýer gazandyryp bilmez. Isa Mesihiň günäleriňiz üçin gurbanlygyna ynanmagyň Hudaýyň…