Şonuň üçin Hudaýa tabyn boluň! Iblise garşylyk görkeziň, şonda ol sizden gaçar.
Ýakup 4:7
Gündelik Ýagtylyk

Şonuň üçin Hudaýa tabyn boluň! Iblise garşylyk görkeziň, şonda ol sizden gaçar.
Ýakup 4:7
Günbatardakylar Rebbiň adyndan, gündogardakylar Onuň şöhratyndan gorkarlar. Çünki Reb ýel kowalaýan dag sili deý geler.
Işaýa 59:19
Isa oňa: «Ýok bol, şeýtan! „Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“ diýip ýazylandyr» diýdi. Şundan soň iblis Isany taşlap gitdi. Perişdeler gelip, Isa hyzmat etdiler.
Matta 4:10-11
Şunlukda, Rebbiň beýik güýji bilen kuwwatlanyň. Iblisiň hilelerine garşy durup bileriňiz ýaly, Hudaýyň beren ähli ruhy ýaraglaryny dakynyň.
Efesliler 6:10-11
Garaňkylygyň ýaman işlerine gatyşmaň, tersine, olary paş ediň.
Efesliler 5:11
Men muny şeýtan bizden üstün çykmasyn diýip etdim. Onuň kezzaplygy bize mälim ahyryn.
2 Korintoslylar 2:11
Hüşgär we oýa boluň. Duşmanyňyz iblis arlaýjy arslan ýaly aýlanyp, awuny agtaryp ýörendir. Dünýäniň ähli ýerinde doganlaryňyzyň hem hut şunuň ýaly ejirlere duçar bolýandyklaryny bilýändigiňiz üçin, berk iman bilen iblise garşy duruň.
1 Petrus 5:8-9
Çünki Hudaýyň her bir perzendi dünýäni ýeňmegi başarýandyr. Biz dünýäniň üstünden bu ýeňşi imanymyz arkaly gazanýarys.
1 Ýohanna 5:4
Hudaýyň saýlap-seçenlerini aýyplamaga kim milt eder? Hiç kim, sebäbi olary Hudaýyň hut Özi aklaýar!
Rimliler 8:33
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
24 few 2025
Ezekiel 36:37
23 few 2025
Hebrews 12:24
22 few 2025
Psalms 25:12
21 few 2025
Leviticus 20:8
20 few 2025
Isaiah 53:11
19 few 2025
Proverbs 2:6
18 few 2025
Jeremiah 17:17

Jynsy arassalyk
Hudaýyň jynsy gatnaşyklara bolan garaýşyny, onuň nika içindäki gözelligini we ahlaksyzlygyň howplaryny…
Yzygiderlilik
Hristianlaryň näme üçin bütin dünýäde yzarlanýandygyny öwreniň, muny garaňkylyga garşy ruhy söweş hökmünde…
Umut
Kyn döwürlerde maşgalaňyz üçin umyt tapyň. Bu makala Hudaýyň üýtgewsiz tebigatynyň, Onuň Sözüniň we…
Parabollar
Isa pygamberiň Matta 13-däki bugdaý we haşal otlar hakyndaky mysalyny öwreniň. Onuň manysyny, taryhy…
Dogalar
Bu söweşijiniň dogasy imanlylary ruhy söweşe taýýarlamaga kömek edýär. Şeýtanyň hilelerini ýeňmek we berk…

Jynsy arassalyk
Hudaýyň jynsy gatnaşyklara bolan garaýşyny, onuň nika içindäki gözelligini we ahlaksyzlygyň howplaryny…
Iman
Kynçylyklaryň Golaýat ýaly sizi basyp almagyna ýol bermäň. Aladalaryňyzy Hudaýa tabşyrmagy, şeýtana garşy…

Yzygiderlilik
Hristianlaryň näme üçin bütin dünýäde yzarlanýandygyny öwreniň, muny garaňkylyga garşy ruhy söweş hökmünde…