Eziz balalarym! Men size şulary günä etmezligiňiz üçin ýazýaryn. Emma kimdir biri günä etse, Atanyň huzurynda aklawçymyz Isa Mesih bar, Ol adyldyr. Ol biziň üçin gurban boldy. Hudaý Ol arkaly biziň günälerimizi, diňe biziň däl, eýsem, bütin dünýäniň günälerini bagyşlady.
1 Ýohanna 2:1-2
Olar faraonyň ýanyndan çykanlarynda, özlerine garaşyp duran Musa bilen Haruna duşdular. Olar Musa bilen Haruna: «Faraon we onuň emeldarlary tarapyndan siz biziň başymyza bela getirdiňiz, bizi öldürer ýaly, olaryň eline gylyç berdiňiz. Munuň üçin Reb size göz görkezip, jezaňyzy berer» diýdiler.
Soňra Musa ýene-de Rebbe ýüzlenip: «Eý, Rebbim, näme üçin bu adamlara betbagtlyk getirdiň? Aslynda näme üçin meni goýberdiň?
Müsürden çykyş 5:20-22
Ýa Taňry, ýaradan milletleriň ählisi gelip,
Seniň gaşyňda sežde ederler,
Seniň adyňa şöhrat aýdarlar.
Çünki Sen beýiksiň,
ajaýyp işleri edýän hem Sensiň,
diňe Sensiň – ýeke-täk Hudaý.
Zebur 85:9-10
But there is forgiveness with you,
therefore you are feared.
Psalms 130:4
Israel, hope in Yahweh,
for with Yahweh there is loving kindness.
With him is abundant redemption.
He will redeem Israel from all their sins.
Psalms 130:7-8
sebäbi hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular. Ýöne olar Hudaýyň merhemeti arkaly aklandylar, Isa Mesih arkaly günäleriniň jezasyndan azat edildiler. 25-26 Hudaý Öz adalatyny görkezmek üçin Isa Mesihi iberip, Onuň dökülen gany arkaly iman edýänleri Özi bilen ýaraşdyrdy. Hudaý ozalky döwürde edilen günälere geçirimlilik etdi. Indi bolsa Isa Mesihe iman edýän her kesi aklaýar. Şeýdip, Ol Özüniň adalatlydygyny subut edýär.
Rimliler 3:23-25