Hiç birimiz özümiz üçin ýaşaýan däldiris, hiç birimiz özümiz üçin ölýän däldiris. Ýaşaýan bolsak, Reb üçin ýaşaýandyrys, ölýän bolsak, Reb üçin ölýändiris. Şoňa görä, ýaşasak-da, ölsek-de, Rebbe degişlidiris.
Rimliler 14:7-8
Gündelik Ýagtylyk
Hiç birimiz özümiz üçin ýaşaýan däldiris, hiç birimiz özümiz üçin ölýän däldiris. Ýaşaýan bolsak, Reb üçin ýaşaýandyrys, ölýän bolsak, Reb üçin ölýändiris. Şoňa görä, ýaşasak-da, ölsek-de, Rebbe degişlidiris.
Rimliler 14:7-8
Her kes öz bähbidini däl-de, başgalaryň bähbidini arasyn.
1 Korintoslylar 10:24
Siz baha, onda-da uly baha satyn alnansyňyz. Şoňa görä-de, öz bedeniňiz bilen Hudaýy şöhratlandyryň.
1 Korintoslylar 6:20
Çünki men asla utanja galmajakdygyma, hemişekim ýaly şindi hem mertlik bilen hereket etjekdigime ynanýaryn. Men ýaşasam-da, öldürilsem-de, meniň bedenim arkaly Mesih beýgeldiler. Çünki meniň üçin ýaşaýyş Mesihdir, ölüm-de bähbitlidir. Emma ýaşasam, hasylly zähmet çekerin. Şonuň üçin-de haýsysyny saýlajagymy bilmeýärin. Men iki dagyň arasynda galdym: men dünýäden ötüp, Mesihiň ýanynda bolmak isleýärin. Bu juda ýagşydyr;
Filipililer 1:20-23
Mukaddes Kanunyň özi meni ölüme höküm etdi. Şoňa görä-de, men Mukaddes Kanun üçin öli bolup, indi onuň gözegçiliginde däldirin. Men indi Hudaý üçin ýaşaýandyryn. Men Mesih bilen haça çüýlendim: indi men däl-de, mendäki Mesih ýaşaýandyr. Bedendäki ýaşaýşym bolsa Hudaýyň Ogluna bolan imanym arkalydyr. Ol meni söýüp, Özüni meniň üçin gurban etdi.
Galatýalylar 2:19-20
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
21 awg 2025
Psalms 119:57
20 awg 2025
Numbers 23:19
19 awg 2025
1 Peter 1:15
18 awg 2025
Deuteronomy 3:24
17 awg 2025
James 5:16
16 awg 2025
1 Chronicles 22:5
15 awg 2025
Hebrews 13:20-21