Reb uzakdan maňa görnüp, şeýle diýdi: «Men seni tükeniksiz söýgi bilen söýdüm, şeýdip, saňa sadyklygymy görkezdim.
Ýermeýa 31:3
Gündelik Ýagtylyk
Reb uzakdan maňa görnüp, şeýle diýdi: «Men seni tükeniksiz söýgi bilen söýdüm, şeýdip, saňa sadyklygymy görkezdim.
Ýermeýa 31:3
Eý, Reb tarapdan söýülýän doganlar! Siz halas bolup bileriňiz ýaly, Hudaý sizi ilkinjiler hökmünde saýlady. Siz Mukaddes Ruh arkaly päklenip, hakykata bolan imanyňyz arkaly halas bolduňyz. Şoňa görä-de, biz elmydama Hudaýa şükürler etmelidiris. Ol Rebbimiz Isa Mesihiň şöhratyna şärik bolup bileriňiz ýaly, wagyz edýän Hoş Habarymyz arkaly sizi bulara çagyrdy.
2 Salonikliler 2:13-14
Hudaý bizi eden işlerimize görä däl-de, Öz maksadyna we merhemetine görä halas edip, Onuň mukaddes halky bolmaga çagyrdy. Bu merhemet dünýä ýaradylmazdan öň Isa Mesih arkaly berlip,
2 Timoteos 1:9
Your eyes saw my body. In your book they were all written, the days that were ordained for me, when as yet there were none of them.
Psalms 139:16
Hudaý dünýäni örän söýendigi sebäpli Özüniň ýeke-täk Ogluny berdi. Ol muny Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, baky ýaşaýşa gowuşmagy üçin etdi.
Ýohanna 3:16
Biz Hudaýy däl-de, ilki Hudaý bizi söýdi. Ol biziň günälerimizi päklemek üçin, Öz Ogluny gurbanlyk hökmünde iberdi. Ine, hakyky söýgi şudur.
1 Ýohanna 4:10
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
22 awg 2025
Romans 14:7-8
21 awg 2025
Psalms 119:57
20 awg 2025
Numbers 23:19
19 awg 2025
1 Peter 1:15
18 awg 2025
Deuteronomy 3:24
17 awg 2025
James 5:16
16 awg 2025
1 Chronicles 22:5