Hudaý ynsan däl ahyryn, ýalan sözlär ýaly. Ol adam ogly däl, pikirini üýtgeder ýaly. Heý, Onuň beren wadasynyň, aýdan sözüniň bitmedigi barmy?
Çölde 23:19
Gündelik Ýagtylyk
Hudaý ynsan däl ahyryn, ýalan sözlär ýaly. Ol adam ogly däl, pikirini üýtgeder ýaly. Heý, Onuň beren wadasynyň, aýdan sözüniň bitmedigi barmy?
Çölde 23:19
Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur.
Ýakup 1:17
Isa Mesih düýn hem, bu gün hem, ebedilik Şoldur, Ol üýtgemeýändir.
Ýewreýler 13:8
3-On kirişli guralda we arfada, lirada mukamlar çalyp, gije-gündiz söýgiňi, wepadarlygyňy beýan eýlemek!
Zebur 91:4
Hudaý hem wadasyny kabul edýänlere Öz maksadynyň üýtgewsizdigini subut etmek isledi. Şonuň üçin Ol muny kasam bilen tassyklady. Şeýlelikde, Hudaý bize iki zat: hem wada berdi, hem kasam etdi. Munuň ikisi hem üýtgewsizdir, sebäbi Hudaý hiç wagt ýalan sözlemeýär. Şonuň üçin hem, biz Hudaýda pena tapyp, özümize berlen umyda berk ýapyşyp ruhlanýarys.
Ýewreýler 6:17-18
Şonuň üçin hem Hudaýyňyz Rebbiň hakyky Hudaýdygyny bilip goýuň. Ol ynamdar Hudaýdyr. Ol Özüni söýenleriň we buýruklaryny ýerine ýetirenleriň müňlerçe nesline sadyk söýgüsini we ähtini saklaýar.
Kanun taglymaty 7:9
Olaryň elinde haýynlyk bardyr; gollary para-peşgeşden doludyr.
Zebur 25:10
Rebbimiz beýikdir, kuwwaty köpdür, paýhasynyň hiç çägi ýokdur. Reb pespälleri galdyrýar, Ol erbetleri ýere pylçaýar.
Zebur 146:5-6
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
19 awg 2025
1 Peter 1:15
18 awg 2025
Deuteronomy 3:24
17 awg 2025
James 5:16
16 awg 2025
1 Chronicles 22:5
15 awg 2025
Hebrews 13:20-21
14 awg 2025
Nehemiah 8:10
13 awg 2025
Hebrews 11:16