Çünki Sen meniň penamsyň, duşmana garşy mäkäm galamsyň.
Zebur 60:4
Gündelik Ýagtylyk
Çünki Sen meniň penamsyň, duşmana garşy mäkäm galamsyň.
Zebur 60:4
Günbatardakylar Rebbiň adyndan, gündogardakylar Onuň şöhratyndan gorkarlar. Çünki Reb ýel kowalaýan dag sili deý geler.
Işaýa 59:19
Ol Senden ömür diledi, Sen oňa berdiň ebedilik, müdimilik bir ýaşy.
Zebur 20:5
Reb bizi aklady, geliň, Hudaýymyz Rebbiň işini Sionda yglan edeliň.
Ýermeýa 51:10
Ýöne biz özümizi Söýýän arkaly bu kynçylyklaryň baryny ýeňýäris.
Rimliler 8:37
Ýöne Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Rebbimiz Isa Mesih arkaly bize ýeňiş berdi.
1 Korintoslylar 15:57
Isany jebirli ölümi arkaly kämil etmeklik hemme zady Özi üçin we Özi arkaly ýaradan Hudaýa ýaraşdy. Sebäbi Hudaý Onuň ölümi arkaly ençeme ogullary şöhrata besledi.
Ýewreýler 2:10
Şunlukda, Rebbiň beýik güýji bilen kuwwatlanyň.
Efesliler 6:10
«Ýalan üçin dillerini ýaý kimin egreldýärler. Ýurtda olaryň güýji nädogrulyk bilen güýçlenýär, çünki pislik üstüne pislik edýärler, Meni asla tanamaýarlar». Muny Reb aýdýandyr.
Ýermeýa 9:3
Şawul Dawuda: «Ine, meniň uly gyzym Merap. Men ony saňa berjek. Diňe meniň batyrym bolup, Rebbiň üçin mertlerçe söweşseň bolýar» diýdi. Çünki Şawul: «Goý, ol meniň elimden däl-de, piliştlileriň elinden ölsün» diýip pikir edýärdi.
1 Şamuwel 18:17
Eý, Zerubabyl, ruhdan düşme, muny Men – Reb aýdýandyryn. Eý, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa, ruhdan düşme! Eý, ýurduň ähli halky, ruhdan düşme. Muny Men – Reb aýdýandyryn. Işläň, çünki Men siziň bilendirin, muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn. Müsürden çykanyňyzda, size söz berşim ýaly, Ruhum araňyzdadyr, gorkmaň!“»
Hagaý 2:4-5
Siz oraga ýene dört aý bar diýmeýärsiňizmi? Emma Men size diýýärin, başyňyzy galdyryň-da, ekin meýdanlaryna serediň, olar eýýäm oraga taýýar.
Ýohanna 4:35
Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Ýene az salymdan şol Geljek hökman geler, eglenmez.
Ýewreýler 10:37
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
8 ýan 2026
Psalms 9:10
7 ýan 2026
Nehemiah 5:19
6 ýan 2026
Psalms 90:17
5 ýan 2026
Hebrews 4:3
4 ýan 2026
Deuteronomy 12:9
3 ýan 2026
Psalms 107:7
2 ýan 2026
Isaiah 42:10