Bizi şeýle köp şaýatlaryň gurşaýandygy üçin, päsgelçilik döredýän her hili ýüki we boýnumyzdan ýapyşan günäleri taşlalyň-da, öňümizde duran ýaryşda sabyrlylyk bilen ylgalyň. Geliň, gözümizi imanymyzyň gözbaşy we kämilleşdirijisi Isa dikeliň. Ol geljekdäki şatlyga gowuşmak üçin, masgaraçylygy hiç saýyp, haçdaky ölüme döz geldi we Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy.
Ýewreýler 12:1-2
Isa olaryň hemmesine şeýle diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, her gün haçyny alyp, yzyma düşsün.
Luka 9:23
Şeýlelikde, siziň her biriňiz ähli zadyňyzdan el çekmeseňiz, Meniň şägirdim bolup bilmersiňiz.
Luka 14:33
Gije geçip, gündiz golaýlady. Şoňa görä tümlügiň işlerini goýbolsun edip, nuruň ýaraglaryny dakynalyň.
Rimliler 13:12
Ýaryşa gatnaşýan her kes özerkliligi türgenleşdirýändir. Ol muny wagtlaýyn bir täji almak üçin edýär. Biz bolsa muny baky täji almak üçin edýändiris.
1 Korintoslylar 9:25
Ýok, men Hoş Habary başgalara wagyz edenimden soň, ýaryşa gatnaşmakdan mahrum edilesim gelmeýär. Şonuň üçin-de, bedenimi türgenleşdirip, ony özüme tabyn edýärin.
1 Korintoslylar 9:27
Eý, doganlar! Men bulary gazanandyryn öýdemok. Emma ýeke-täk şuny welin edýändirin: yzda galan zatlary unudyp, öňdäkilere ýetmäge ymtylýaryn. Men Hudaýyň Isa Mesih arkaly göklerdäki ýaşaýşa çagyrýan baýragyny almak üçin, maksadyma tarap ylgaýaryn.
Filipililer 3:13-14
Geliň, Rebbi tanalyň, tanamaga gaýrat edeliň.
Ol daň şapagy ýaly takyk geljek.
Ol ýagyş ýaly bize geljek,
topragy gandyrýan ýaz ýagşy ýaly ýanymyza geljek».
Hoşeýa 6:3