Emma ysraýyllar ýerli ilaty kowup çykarmasalar, onda ol ýerde galanlar ysraýyllaryň gözlerine dürtülen iňňe, böwürlerine sanjylan tiken ýaly bolarlar. Ýaşajak ýurtlarynda olar ysraýyllary ezerler.
Çölde 33:55
Gündelik Ýagtylyk
Emma ysraýyllar ýerli ilaty kowup çykarmasalar, onda ol ýerde galanlar ysraýyllaryň gözlerine dürtülen iňňe, böwürlerine sanjylan tiken ýaly bolarlar. Ýaşajak ýurtlarynda olar ysraýyllary ezerler.
Çölde 33:55
Iman ugrundaky göreşde edermenlik bilen göreş we baky ýaşaýşy makäm tut. Hudaý seni muňa çagyrdy, sen hem imanyňy köp şaýadyň öňünde doly ykrar edensiň.
1 Timoteos 6:12
Biziň söweş ýaraglarymyz ynsan ýaraglary däl-de, Hudaýyň güýçli ýaraglarydyr. Biz olar bilen galalary ýykyp, her ýalan pikiri puja çykarýarys. Bu ýaraglar bilen Hudaý baradaky bilime garşy çykýan her belentligi ýumurýarys, her pikiri ýesirlige alyp, ony Isa Mesihe tabyn edýäris.
2 Korintoslylar 10:4-5
Şoňa görä-de, eý, doganlar, biz indi ynsan höwesleriniň talaplaryna görä ýaşamaga borçly däldiris. Eger siz ynsan höwesleriniň talaplaryna görä ýaşasaňyz, ölersiňiz. Emma ynsan höwesleriniň ýaman işlerini Mukaddes Ruhuň güýji arkaly ýok etseňiz, ýaşarsyňyz.
Rimliler 8:12-13
Çünki ynsan höwesleri Mukaddes Ruha garşydyr; Mukaddes Ruh hem ynsan höweslerine garşydyr. Olar biri-biri bilen hiç oňuşmaýarlar. Şonuň üçin-de, siz öz islän zadyňyzy edip bilmeýärsiňiz.
Galatýalylar 5:17
bedenimiň şol ýörelgä ýykgyn edýändigini görýärin. Bu ýörelge meniň aňymdaky ýörelgä garşy göreşip, bedenimdäki günä ýörelgesine meni ýesir edýär.
Rimliler 7:23
Ýöne biz özümizi Söýýän arkaly bu kynçylyklaryň baryny ýeňýäris.
Rimliler 8:37
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
30 ýan 2026
Hebrews 12:1-2
29 ýan 2026
Genesis 16:13
28 ýan 2026
Deuteronomy 33:25
27 ýan 2026
1 John 3:5
26 ýan 2026
Hebrews 13:13-14
25 ýan 2026
Romans 3:22
24 ýan 2026
Philippians 4:5