«Men, hakykatdan-da, özüme üns berýän Hudaýy gördüm» diýip, Hajar özi bilen gepleşen Rebbi «Görýän Hudaý» diýip atlandyrdy.
Gelip çykyş 16:13
Gündelik Ýagtylyk
«Men, hakykatdan-da, özüme üns berýän Hudaýy gördüm» diýip, Hajar özi bilen gepleşen Rebbi «Görýän Hudaý» diýip atlandyrdy.
Gelip çykyş 16:13
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Ýa Reb, ýamanlardan meni halas et, zalym adamlardan meni penala. Olar betniýetleri ýüregine düwýär, olar dyngysyz uruş turuzýar. Olar ýylan ýaly dillerini ýiteldýär, agyzlarynda ýylan zäheri bardyr.
Zebur 139:1-4
Tekepbirler maňa gizlin duzak goýdular, torlarynyň ýüplerini ýazyp goýdular, ýoluň gyrasynda meniň üçin gapan gurdular. Sela
Zebur 139:6
Rebbiň gözi hemme ýerdedir, ýamana-ýagşa bakýandyr.
Süleýmanyň pähimleri 15:3
Ynsanyň ýollary Rebbiň gözüniň alnyndadyr, olaryň ähli ýodalaryny synlaýandyr.
Süleýmanyň pähimleri 5:21
Isa olara şeýle diýdi: «Siz özüňizi adamlaryň ýanynda aklaýarsyňyz, emma Hudaý ýüregiňizi bilýändir. Adamlaryň arasynda ýokary saýylýan zat Hudaýyň ýanynda ýigrenjidir.
Luka 16:15
Özüne ak ýürekden hyzmat edenlere güýç-kuwwat bermek üçin Reb bütin ýer ýüzüne syn edýär. Sen akmaklyk etdiň. Mundan beýläk sen mydama uruş içinde bolarsyň».
2 Ýyl ýazgylary 16:9
Emma Isa ähli adamlaryň ýüregini bilensoň, Özüni olara ynanmaýardy. Ynsan babatda Oňa hiç kimiň şaýatlygy gerek däldi, sebäbi Ol ynsanyň näme niýetiniň bardygyny bilýärdi.
Ýohanna 2:24-25
Isa ýene-de ondan: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, Meni söýýärsiňmi?» diýip, üçünji gezek sorady. Isanyň «Meni söýýärsiňmi?» diýip üçünji gezek sorany üçin, Petrus gussa batdy. Ol Isa: «Ýa Reb, Sen ähli zady bilýänsiň, Seni söýýänimi-de bilýänsiň» diýdi. Isa oňa: «Goýunlarymy otlat.
Ýohanna 21:17
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
28 ýan 2026
Deuteronomy 33:25
27 ýan 2026
1 John 3:5
26 ýan 2026
Hebrews 13:13-14
25 ýan 2026
Romans 3:22
24 ýan 2026
Philippians 4:5
23 ýan 2026
Romans 5:5
22 ýan 2026
Psalms 48:14