Şoňa görä-de, siz hem özüňizi günä üçin öli, Isa Mesih bilen birigendigiňiz sebäpli Hudaý üçin diri saýyň.
Rimliler 6:11
Gündelik Ýagtylyk
Şoňa görä-de, siz hem özüňizi günä üçin öli, Isa Mesih bilen birigendigiňiz sebäpli Hudaý üçin diri saýyň.
Rimliler 6:11
Hakykatdan hem, Meniň sözlerimi diňläp, Meni Iberene iman eden adam baky ýaşaýşa eýe bolýandyr, ol höküm edilmez. Ol ölümden ýaşaýşa geçendir.
Ýohanna 5:24
Mukaddes Kanunyň özi meni ölüme höküm etdi. Şoňa görä-de, men Mukaddes Kanun üçin öli bolup, indi onuň gözegçiliginde däldirin. Men indi Hudaý üçin ýaşaýandyryn. Men Mesih bilen haça çüýlendim: indi men däl-de, mendäki Mesih ýaşaýandyr. Bedendäki ýaşaýşym bolsa Hudaýyň Ogluna bolan imanym arkalydyr. Ol meni söýüp, Özüni meniň üçin gurban etdi.
Galatýalylar 2:19-20
Az salymdan soň dünýä Meni görmez, emma siz görersiňiz. Meniň ýaşaýandygym üçin, siz-de ýaşarsyňyz.
Ýohanna 14:19
Men olara baky ýaşaýyş berýärin. Olar asla heläk bolmaz, hiç kim olary Meniň elimden kakyp almaz. Olary Maňa beren Atam hemmeden beýikdir. Atamyň elinden olary hiç kim alyp bilmez. Atam Ikimiz birdiris» diýip jogap berdi.
Ýohanna 10:28-30
Şeýlelikde, Mesih bilen direlendigiňize görä, göklerdäki zatlary agtaryň. Mesih gökde Hudaýyň sagynda oturandyr.
Kolosiýalylar 3:1
Çünki siz ölensiňiz, durmuşyňyz bolsa Mesih bilen bile Hudaýda gizlenendir.
Kolosiýalylar 3:3
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
26 few 2026
Lamentations 3:40
25 few 2026
James 4:7
24 few 2026
Ezekiel 36:37
23 few 2026
Hebrews 12:24
22 few 2026
Psalms 25:12
21 few 2026
Leviticus 20:8
20 few 2026
Isaiah 53:11