Meniň parzlarymy saklap, olary berjaý ediň. Sizi mukaddes edýän Reb Mendirin.
Lewiler 20:8
Gündelik Ýagtylyk
Meniň parzlarymy saklap, olary berjaý ediň. Sizi mukaddes edýän Reb Mendirin.
Lewiler 20:8
Emma Men size şeýle diýdim: ‘Olaryň ýurduny siz miras alarsyňyz, Men süýt we bal akýan, mes toprakly ýurdy size mülk edip bererin’. Sizi beýleki milletlerden saýlap alan Hudaýyňyz Reb Mendirin.
Lewiler 20:24
Meniň üçin mukaddes boluň, çünki Men – Reb mukaddesdirin we Men sizi beýleki halklardan Özümiňki bolmagyňyz üçin saýlap aldym.
Lewiler 20:26
Isa Mesihiň guly we Ýakubyň dogany bolan men Ýahudadan Hudaýyň halky bolmaga çagyrylanlara dogaýy salam! Bu haty Atamyz Hudaý tarapyndan söýlüp, Isa Mesih arkaly goralýan size ýazyp ýollaýaryn.
Ýahuda 1:1
Seniň sözüň hakykatdyr. Hakykatyň arkaly olary mukaddes et.
Ýohanna 17:17
Goý, parahatlygyň gözbaşy bolan Hudaý sizi hemmetaraplaýyn päklesin. Rebbimiz Isa Mesih gelende ruhuňyz, janyňyz we bedeniňiz aýypsyz bolsun.
1 Salonikliler 5:23
Şoňa görä, Isa hem şäher derwezesinden daşarda ejir çekip öldi. Ol halkyny Öz gany bilen päkledi.
Ýewreýler 13:12
Biz bu ýörelgä eýerip, ajaýyp umydymyz bolan beýik Hudaýymyz we Halasgärimiz Isa Mesihiň şan-şöhrat içinde göklerden inmegine garaşýarys. Isa Mesih bizi ähli günälerden halas etmek üçin, Özüni gurban etdi. Ol muny Özüne ýagşylyk etmekde erjel, päk, eziz bir halky gazanmak üçin etdi.
Titus 2:13-14
Ynsanlary mukaddes edýän Isa we Ol arkaly mukaddes edilenler indi bir maşgala degişlidir. Şonuň üçin hem Isa olara dogan diýmekden utanmaýar.
Ýewreýler 2:11
Olar hem Seniň hakykatyň arkaly mukaddes bolary ýaly, Men Özümi Saňa bagyş etdim.
Ýohanna 17:19
Siz Atamyz Hudaýyň öňden eden kararyna görä saýlandyňyz we Mukaddes Ruh arkaly mukaddes halk bolduňyz. Hudaý muny siziň Isa Mesihe tabyn bolup, Onuň gany bilen päklenmegiňiz üçin etdi. Goý, Hudaý size boldan-bol merhemet we parahatlyk eçilsin!
1 Petrus 1:2
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
20 few 2026
Isaiah 53:11
19 few 2026
Proverbs 2:6
18 few 2026
Jeremiah 17:17
17 few 2026
Leviticus 4:12
16 few 2026
Song of Solomon 1:3
15 few 2026
Proverbs 20:9
14 few 2026
Matthew 3:15