Şonuň üçin Hudaýa tabyn boluň! Iblise garşylyk görkeziň, şonda ol sizden gaçar.
Ýakup 4:7
Gündelik Ýagtylyk
Şonuň üçin Hudaýa tabyn boluň! Iblise garşylyk görkeziň, şonda ol sizden gaçar.
Ýakup 4:7
Günbatardakylar Rebbiň adyndan, gündogardakylar Onuň şöhratyndan gorkarlar. Çünki Reb ýel kowalaýan dag sili deý geler.
Işaýa 59:19
Isa oňa: «Ýok bol, şeýtan! „Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“ diýip ýazylandyr» diýdi. Şundan soň iblis Isany taşlap gitdi. Perişdeler gelip, Isa hyzmat etdiler.
Matta 4:10-11
Şunlukda, Rebbiň beýik güýji bilen kuwwatlanyň. Iblisiň hilelerine garşy durup bileriňiz ýaly, Hudaýyň beren ähli ruhy ýaraglaryny dakynyň.
Efesliler 6:10-11
Garaňkylygyň ýaman işlerine gatyşmaň, tersine, olary paş ediň.
Efesliler 5:11
Men muny şeýtan bizden üstün çykmasyn diýip etdim. Onuň kezzaplygy bize mälim ahyryn.
2 Korintoslylar 2:11
Hüşgär we oýa boluň. Duşmanyňyz iblis arlaýjy arslan ýaly aýlanyp, awuny agtaryp ýörendir. Dünýäniň ähli ýerinde doganlaryňyzyň hem hut şunuň ýaly ejirlere duçar bolýandyklaryny bilýändigiňiz üçin, berk iman bilen iblise garşy duruň.
1 Petrus 5:8-9
Çünki Hudaýyň her bir perzendi dünýäni ýeňmegi başarýandyr. Biz dünýäniň üstünden bu ýeňşi imanymyz arkaly gazanýarys.
1 Ýohanna 5:4
Hudaýyň saýlap-seçenlerini aýyplamaga kim milt eder? Hiç kim, sebäbi olary Hudaýyň hut Özi aklaýar!
Rimliler 8:33
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
24 few 2026
Ezekiel 36:37
23 few 2026
Hebrews 12:24
22 few 2026
Psalms 25:12
21 few 2026
Leviticus 20:8
20 few 2026
Isaiah 53:11
19 few 2026
Proverbs 2:6
18 few 2026
Jeremiah 17:17