Mukaddes Ruhuň miweleri bolsa şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk,
Galatýalylar 5:22
Gündelik Ýagtylyk
Mukaddes Ruhuň miweleri bolsa şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk,
Galatýalylar 5:22
Hudaýyň bize bolan çäksiz söýgüsine göz ýetirip, bu söýgä ynanýarys. Hudaý söýgüdir. Söýgüde ýaşaýan adam Hudaý bilen, Hudaý hem onuň bilen ýaşaýandyr.
1 Ýohanna 4:16
Şeýle umyt bizi utandyrmaz, sebäbi berlen Mukaddes Ruh arkaly ýüregimiz Hudaýyň söýgüsinden dolup-daşýar.
Rimliler 5:5
Hawa, iman eden siziň üçin bu daş gymmatlydyr. Emma iman etmedikler üçin, «Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy».
1 Petrus 2:7
Biz Hudaýy söýýäris, sebäbi ilki Ol bizi söýdi.
1 Ýohanna 4:19
Eger bir Adam hemmeler üçin ölen bolsa, onda hemmämiz ölendiris. Şeýle pikire gelelimiz bäri Isa Mesihiň söýgüsi bizi hereket etmäge höweslendirýär. Hawa, Isa Mesih hemmeleriň ugrunda öldi. Ol muny ýaşaýanlar indi özleri üçin däl-de, olaryň ugrunda ölen we direlen Mesih üçin ýaşasynlar diýip etdi.
2 Korintoslylar 5:14-15
Dogan söýgüsi barada ýazyp-da oturjak däl, sebäbi birek-biregi söýmegi size Hudaýyň Özi öwretdi ahyryn.
1 Salonikliler 4:9
Meniň buýrugym şudur: Men sizi nähili söýen bolsam, siz hem biri-biriňizi şonuň ýaly söýüň.
Ýohanna 15:12
Ozaly bilen biri-biriňizi jandan söýüň, sebäbi söýgi köp günäleriň üstüni örtýändir.
1 Petrus 4:8
Mesih ýaly söýüp ýaşaň. Ol bizi söýüp, Hudaýa ýakymly ysly sadaka hem gurbanlyk hökmünde biziň üçin janyny gurban etdi.
Efesliler 5:2
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
28 few 2026
John 3:16
27 few 2026
Romans 6:11
26 few 2026
Lamentations 3:40
25 few 2026
James 4:7
24 few 2026
Ezekiel 36:37
23 few 2026
Hebrews 12:24
22 few 2026
Psalms 25:12