Ol adalat ýollaryny goraýar, Özüne sadyklaryň ýoluny goraýar.
Süleýmanyň pähimleri 2:8
Gündelik Ýagtylyk
Ol adalat ýollaryny goraýar, Özüne sadyklaryň ýoluny goraýar.
Süleýmanyň pähimleri 2:8
32-Emma siz şonda-da gijesine ot, gündizine bulut görnüşinde düşlejek ýeriňizi, ýörejek ýoluňyzy görkezip, öňüňizden gidýän Hudaýyňyz Rebbe ynam etmediňiz“».
Kanun taglymaty 1:32-33
Çagalarynyň üstüne ganat gerýän bürgüt deý, höwürtgesinden olara uçmagy öwretdi. Ganatyny gerip, olary tutdy, ganaty bilen olary daşady. Oňa ýol görkezen ýeke-täk Reb boldy, onuň bilen bolmady keseki hudaý.
Kanun taglymaty 32:11-12
Ýardam etmek üçin dadyma ýetiş, ýa, Taňry meniň Halasgärim!
Zebur 37:23-24
Maňa nähak duşman bolanlar, goý, şatlanmasyn, Meni nähak ýere ýigrenýänler göz gypyşmasyn.
Zebur 34:19
Çünki Reb dogrularyň ýoluny gözden salmaýar, erbetleriň ýoly bolsa heläkçilige uçradýar.
Zebur 1:6
Biz Hudaýy söýýänler we Onuň maksadyna görä çagyrylanlar üçin hemme zadyň olaryň peýdasyna edilýändigini bilýäris.
Rimliler 8:28
Aşur patyşasy ynsan güýji bilendir, emma biziň bilen Hudaýymyz Rebdir. Ol bize ýardam edip, biziň üçin söweşer». Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň sözleri halky ruhlandyrdy.
2 Ýyl ýazgylary 32:8
Hudaýyňyz Reb, ýeňiş berýän Söweşiji siziň araňyzda. Reb size guwanyp şatlanar, Ol söýgüsinde size täze durmuş berer, nagmalar bilen Onuň size ýüregi joşar».
Sepanýa 3:17
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
5 mart 2026
Isaiah 38:14
4 mart 2026
Colossians 3:2
3 mart 2026
Proverbs 3:5-6
2 mart 2026
Genesis 41:52
1 mart 2026
Galatians 5:22
28 few 2026
John 3:16
27 few 2026
Romans 6:11