Garlawaç, durna kimin gygyrdym, gumry kimin iňledim, gözlerim göge bakmakdan ýadady. Ýa Reb, men zulum içinde, dadyma ýetiş!
Işaýa 38:14
Gündelik Ýagtylyk
Garlawaç, durna kimin gygyrdym, gumry kimin iňledim, gözlerim göge bakmakdan ýadady. Ýa Reb, men zulum içinde, dadyma ýetiş!
Işaýa 38:14
«Eger Reb tarapdarymyz bolmadyk bolsa, näme bolardy? – eý, Ysraýyl, jogap ber şuňa! – Reb tarapdarymyz bolmadyk bolsa, adamlar bize garşy aýaga galanlarynda,
Zebur 123:1-2
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Ýedutunyň mukamyna laýyklykda. Dawudyň mezmury. Diňe Hudaýda ynjalýar janym, Hudaýdandyr meniň gutulyşym. Ol – ýeke-täk gaýam hem gutulyşym, meniň berkitmäm: ýykylmaryn men. Ýalňyz bir ynsana garşy çykýar köpsanly duşman: olaryň bary meni öldürmegi niýet edinýär, men olar üçin gyşaran diwar, çagşan haýat dek.
Zebur 61:1-4
Sen ýoksullara pena, mätäçlere mätäçliginde pena bolduň, tupandan goraýan gaçybatalga, yssydan goraýan kölege bolduň. Rehimsizleriň gaharly demi diwara urulýan tupan kimin,
Işaýa 25:4
Ine, siz şunuň üçinem çagyryldyňyz, sebäbi Mesih siziň üçin ejir çekdi. Öz yzyna eýermegiňiz üçin, Ol size görelde boldy. «Ol hiç hili günä etmedi, agzyndan bir ýalan söz çykmady». Ol sögülende sögmedi, ejir çekende hiç kime howp salmady. Muňa derek Özüni adyl höküm çykarýan Hudaýa tabşyrdy.
1 Petrus 2:21-23
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
4 mart 2026
Colossians 3:2
3 mart 2026
Proverbs 3:5-6
2 mart 2026
Genesis 41:52
1 mart 2026
Galatians 5:22
28 few 2026
John 3:16
27 few 2026
Romans 6:11
26 few 2026
Lamentations 3:40