Bu döwrüň baýlaryna tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ygtybarsyz, wagtlaýyn baýlyga däl-de, bagtyýar ýaşamagymyz üçin her zady bolelin ýetirýän Hudaýa bil baglasynlar.
1 Timoteos 6:17
Gündelik Ýagtylyk
Bu döwrüň baýlaryna tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ygtybarsyz, wagtlaýyn baýlyga däl-de, bagtyýar ýaşamagymyz üçin her zady bolelin ýetirýän Hudaýa bil baglasynlar.
1 Timoteos 6:17
Şonuň üçin hem siz ägä boluň, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän tabşyryklaryny, hökümleridir parzlaryny ýerine ýetirmekden ýüz öwrüp, öz Hudaýyňyz Rebbi unutmaň. Garnyňyz doýanda, ýaşamak üçin kaşaň jaýlar guranyňyzda,
Kanun taglymaty 8:11-12
Gaýtam, Hudaýyňyz Rebbi ýadyňyzda saklaň, çünki baýlyk toplamaga güýji Ol berýändir. Şonda Ol şu günki görşüňiz ýaly, ata-babalaryňyza wada eden ähtini tassyklar.
Kanun taglymaty 8:18
Rebden gorkýan, Onuň ýollaryndan ýöreýän nähili bagtly! Sen öz el zähmetiňiň miwesini iýersiň, ýalkanarsyň, ýagşylyk seniňki bolar.
Zebur 127:1-2
Ynsan ogullarynyň içinde iň görmegeýi sen, merhemet saçylýar seniň diliňden; şoňa görä Hudaý seni baky ýalkady.
Zebur 44:3
Dogry gurbanlyklary hödürläň, Rebbe bil baglaň.
Zebur 4:6
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
8 mart 2026
Isaiah 38:17
7 mart 2026
Isaiah 54:5
6 mart 2026
Proverbs 2:8
5 mart 2026
Isaiah 38:14
4 mart 2026
Colossians 3:2
3 mart 2026
Proverbs 3:5-6
2 mart 2026
Genesis 41:52