Men: «Indi Ol hakda dil ýarmaryn, Onuň adyndan geplemerin» diýsem, Onuň sözi süýeklerime ornaşyp, ýüregime ot berdi. Ony içimde saklamakdan irdim, mundan artyk çydap bilmeýärin.
Ýermeýa 20:9
Gündelik Ýagtylyk
Men: «Indi Ol hakda dil ýarmaryn, Onuň adyndan geplemerin» diýsem, Onuň sözi süýeklerime ornaşyp, ýüregime ot berdi. Ony içimde saklamakdan irdim, mundan artyk çydap bilmeýärin.
Ýermeýa 20:9
Men Hoş Habary wagyz edýänim bilen magtanmaga haklydyryn öýdemok: muny etmek borjumdyr. Eger men Hoş Habary wagyz etmesem, waý, meniň halyma!
1 Korintoslylar 9:16
Onda sylagym nämedir? Hoş Habary hiç bir muzdsuz wagyz edip, onuň maňa berýän hak-hukugyndan peýdalanmazlyk meniň üçin sylagdyr.
1 Korintoslylar 9:18
Onsoň olary çagyryp, Isanyň ady bilen geplemezligi we wagyz etmezligi buýurdylar. Emma Petrus bilen Ýohanna olara: «Hudaýyň sözlerine däl-de, siziňkä gulak asmak Hudaýyň nazarynda dogrumydyr? Özüňiz netije çykaryň! Biz-ä görüp-eşidenlerimizi aýtman durup bilmeris» diýip jogap berdiler.
Resul 4:18-20
Eger bir Adam hemmeler üçin ölen bolsa, onda hemmämiz ölendiris. Şeýle pikire gelelimiz bäri Isa Mesihiň söýgüsi bizi hereket etmäge höweslendirýär.
2 Korintoslylar 5:14
Şonuň üçin men gorkdum, gidip, beren bir çuwal puluňy ýere gömüp gizledim, ine, puluňy al!“ diýýär. Hojaýyny oňa şeýle diýýär: „Eý, erbet hem ýalta hyzmatkär! Sen meniň ekmedik ýerimden orýandygymy, sepmedik ýerimden ýygýandygymy bilýärmidiň? Onda pulumy işewürlere bermeli ekeniň-dä, men hem gelip, ony peýdasy bilen alardym.
Matta 25:25-27
Emma Isa muňa rugsat bermedi. Oňa: «Öýüňe, özüňkileriň arasyna git, Rebbiň seniň üçin nämeler edendigini, saňa nähili rehim-şepagat görkezendigini olara gürrüň ber» diýdi.
Mark 5:19
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
18 apr 2026
Deuteronomy 18:18
17 apr 2026
Psalms 50:23
16 apr 2026
Psalms 31:22
15 apr 2026
Jeremiah 50:34
14 apr 2026
Psalms 63:5-6
13 apr 2026
Proverbs 3:9
12 apr 2026
Romans 8:3