Men: „Agam, sen kim?“ diýip soradym. Reb: „Men seniň yzarlap, azar berýän Isaň.
Resul 26:15
Gündelik Ýagtylyk
Men: „Agam, sen kim?“ diýip soradym. Reb: „Men seniň yzarlap, azar berýän Isaň.
Resul 26:15
Emma Isa dessine olara söz gatyp: «Dogumly boluň! Bu – Men, gorkmaň!» diýdi.
Matta 14:27
Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni. Men seniň Hudaýyň Reb, Ysraýylyň Mukaddesi, seniň Halasgäriň. Men saňa töleg hökmünde Müsüri, seniň ýeriňe Efiopiýany, Sebany berdim.
Işaýa 43:2-3
Elleri päk, ýüregi-de ak, köňlüni galplyga gönükdirmeýän, hile bilen kasam etmeýän ynsan.
Zebur 23:4
22-Bularyň hemmesi Rebbiň pygamber arkaly: «Ine, boý gyz göwreli bolup, Ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakarlar» diýip aýdan sözüniň berjaý bolmagy üçin boldy. Bu at «Hudaý biziň bilendir» diýmegi aňladýar.
Matta 1:23
Ol bir Ogul dograr, sen Onuň adyna Isa dakarsyň, sebäbi Ol Öz halkyny günälerinden halas eder» diýdi.
Matta 1:21
Eziz balalarym! Men size şulary günä etmezligiňiz üçin ýazýaryn. Emma kimdir biri günä etse, Atanyň huzurynda aklawçymyz Isa Mesih bar, Ol adyldyr.
1 Ýohanna 2:1
Hudaýyň halkyny kim höküm edip biler? Hiç kim, sebäbi ölümden direlen Isa Mesih Hudaýyň sagynda oturyp, biziň üçin töwella edýär. Biz görgüdir muşakgatlary çekýäris, yzarlanmalara, açlyga, mätäçlige duçar bolýarys, howp-hatara we ölüm howpuna sezewar edilýäris. Eýsem bularyň bary bizi Isa Mesihiň söýgüsinden aýryp bilermi? Elbetde, ýok! Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr:
Rimliler 8:34-35
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
19 apr 2026
John 10:7
18 apr 2026
Deuteronomy 18:18
17 apr 2026
Psalms 50:23
16 apr 2026
Psalms 31:22
15 apr 2026
Jeremiah 50:34
14 apr 2026
Psalms 63:5-6
13 apr 2026
Proverbs 3:9