For your loving kindness is great toward me. You have delivered my soul from the lowest Sheol.
Psalms 86:13
Gündelik Ýagtylyk
For your loving kindness is great toward me. You have delivered my soul from the lowest Sheol.
Psalms 86:13
Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň. Gowusy, bedeni hem, jany hem dowzahda ýok etmäge güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň.
Matta 10:28
Emma indi, eý, Ýakup, seni ýaradan, eý, Ysraýyl, seni döreden Reb şeýle diýýär: «Gorkma, çünki Men seni azat etdim, adyňy tutup çagyrdym, sen Meniňkisiň.
Işaýa 43:1
Men, diňe Men Rebdirin, Menden başga Halasgär ýokdur.
Işaýa 43:11
Öz hatyram üçin ýazyklaryňyzy öçürýän Mendirin, Men günäleriňizi ýatlamaryn.
Işaýa 43:25
Gök yglan edýär Onuň dogrulygyny, çünki kazylyk edýän – Hudaýyň Özi. Sela «Men gepläýin, sen hem diňle, eý, halkym; Mendirin Hudaýyň, seniň Hudaýyň, eý, Ysraýyl, saňa garşy şaýatlyk Men edeýin. Gurbanlyklaryň üçin Men seni ýazgarjak däl, ýakma gurbanlyklaryň dyngysyz Meniň öňümde.
Zebur 49:6-8
oňa rehimi inip: „Gabyrdan halas et, men onuň üçin töleg tapdym“ diýse,
Eýýup 33:24
4-Emma günälerimiz sebäpli öli hem bolsak, merhemete baý Hudaý Özüniň çuňňur söýgüsini görkezip, bizi Mesih bilen bilelikde direltdi. Siz Hudaýyň merhemeti arkaly halas bolduňyz.
Efesliler 2:4-5
Ondan başga Halasgär ýokdur. Onuň ady bütin älemde adamzady halas edip bilýän ýeke-täk atdyr».
Resul 4:12
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
21 apr 2026
Philippians 4:1
20 apr 2026
Deuteronomy 13:17
19 apr 2026
John 10:7
18 apr 2026
Deuteronomy 18:18
17 apr 2026
Psalms 50:23
16 apr 2026
Psalms 31:22
15 apr 2026
Jeremiah 50:34