Ählimiz edil goýun ýaly azaşdyk; öz ýolumyz bilen gitdik herimiz, Reb ählimiziň etmişimizi oňa ýükledi.
Işaýa 53:6
Gündelik Ýagtylyk
Ählimiz edil goýun ýaly azaşdyk; öz ýolumyz bilen gitdik herimiz, Reb ählimiziň etmişimizi oňa ýükledi.
Işaýa 53:6
Günämiz ýok diýsek, onda biz özümizi aldaýandyrys, bizde hakykat ýokdur.
1 Ýohanna 1:8
Mukaddes Ýazgylarda hem şeýle ýazylgydyr: «Dogry adam ýok, ýok ýeke biri-de; Düşünýän asla ýok, Hudaýy agtarýan-da ýok. Olaryň hemmesi ýoldan çykdy, ählisi deň derejede dereksiz boldy. Ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biri-de.
Rimliler 3:10-12
Siz goýunlar ýaly azaşypdyňyz, emma indi janyňyzyň Çopanyna hem Gözegçisine dolanyp geldiňiz.
1 Petrus 2:25
I have gone astray like a lost sheep. Seek your servant, for I don’t forget your commandments.
Psalms 119:176
Rebbiň dagyna kim çykyp biler? Mukaddes öýünde kim durup biler?
Zebur 23:3
Meniň goýunlarym sesime gulak asýarlar, Men hem olary tanaýaryn, olar Meniň yzyma düşýärler. Men olara baky ýaşaýyş berýärin. Olar asla heläk bolmaz, hiç kim olary Meniň elimden kakyp almaz.
Ýohanna 10:27-28
«Sizden biriniň ýüz goýny bar diýeli. Ol bularyň birini ýitirýär. Şonda ol togsan dokuzsyny düzde goýup, tä ýiten goýnuny tapýança, ony gözlemäge gitmezmi?
Luka 15:4
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
22 apr 2026
Leviticus 1:3-4
21 apr 2026
Philippians 4:1
20 apr 2026
Deuteronomy 13:17
19 apr 2026
John 10:7
18 apr 2026
Deuteronomy 18:18
17 apr 2026
Psalms 50:23
16 apr 2026
Psalms 31:22