The eyes of all wait for you. You give them their food in due season.
Psalms 145:15
Gündelik Ýagtylyk
The eyes of all wait for you. You give them their food in due season.
Psalms 145:15
Ol ynsan eliniň hyzmatyna mätäç däl, Ol hiç zada zar däl, sebäbi her bir ynsana ýaşaýyş, dem we ähli zady berýän Onuň Özüdir.
Resul 17:25
Reb gelmişekleri gözden salmaýar, dul hatynlary, ýetimleri goldaýar, emma erbetleriň ýoluny weýran edýändir.
Zebur 145:9
Guşlara serediň, olar ne ekýärler, ne orýarlar, ne-de ammarlarda iýmit toplaýarlar. Muňa garamazdan, gökdäki Ataňyz olary-da iýmitlendirýär. Siz olardan has gymmatly dälmisiňiz?
Matta 6:26
Bu ýahudylara-da, beýleki milletlere-de degişlidir. Sebäbi hemmeleriň Rebbi birdir, Ol Özüni çagyrýanlaryň baryna sahydyr.
Rimliler 10:12
Maňa «Rebbiň öýüne gideli» diýenlerinde begendim.
Zebur 121:1
Reb tarapdarymyz bolmadyk bolsa, adamlar bize garşy aýaga galanlarynda,
Zebur 123:2
Reb size merhemet etjek bolup garaşýar, ýokarda size rehim etmäge häzir, çünki Reb adalat Hudaýydyr; Oňa intizarlar nähili bagtly!
Işaýa 30:18
Şol gün şeýle diýler: «Ine, Hudaýymyz budur, biz Oňa umyt bagladyk, Ol bizi halas etdi. Biziň umyt baglan Rebbimiz budur; halas bolanymyz üçin begeneliň, şatlanalyň!»
Işaýa 25:9
Biz görmeýän zadymyza umyt baglap, şoňa sabyrlylyk bilen garaşýandyrys.
Rimliler 8:25
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
23 apr 2026
Psalms 18:18
22 apr 2026
Leviticus 1:3-4
21 apr 2026
Philippians 4:1
20 apr 2026
Deuteronomy 13:17
19 apr 2026
John 10:7
18 apr 2026
Deuteronomy 18:18
17 apr 2026
Psalms 50:23