Meniň goýunlarym sesime gulak asýarlar, Men hem olary tanaýaryn, olar Meniň yzyma düşýärler.
Ýohanna 10:27
Gündelik Ýagtylyk
Meniň goýunlarym sesime gulak asýarlar, Men hem olary tanaýaryn, olar Meniň yzyma düşýärler.
Ýohanna 10:27
Ine, men işikde duryn, gapyny kakýaryn. Sesimi eşidip, gapyny açanyň öýüne girerin. Men onuň bilen, ol hem Meniň bilen bir saçak başynda tagam iýer.
Aýanlyk 3:20
Men ukuda, ýöne köňlüm oýa. Ine, bu ýarymyň owazy. «Gapyny aç, ezizim, dildarym meniň, gögerçinim, päkizäm meniň! Başym çyga ezilen, saçym-da gijäniň nemine».
Nagmalar 5:2
Gapyny açdym ýaryma, ýöne giden eken ol. Owazyna ezildi ýüregim. Agtardym, tapmadym ony; çagyrdym, jogap bermedi.
Nagmalar 5:6
Reb gelip, ol ýerde durdy we: «Şamuwel! Şamuwel!» diýip, ýene öňküleri ýaly ony çagyrdy. Şamuwel: «Ýa Reb, aýdyber, guluň diňleýär» diýip jogap berdi.
1 Şamuwel 3:10
Isa ol ýere gelende, ýokary seredip, Oňa: «Zakkaý! Tiz aşak düş. Bu gün Men seniň öýüňde galmaly» diýdi. Ol hem dessine aşak düşüp, Ony şatlyk bilen kabul etdi.
Luka 19:5-6
Ýa Taňry, hudaýlar arasynda Sen kimin ýokdur, Seniň işleriňe taý geljek ýokdur.
Zebur 85:8
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
10 maý 2026
1 John 3:8
9 maý 2026
Hebrews 11:1
8 maý 2026
Isaiah 53:10
7 maý 2026
Matthew 24:6
6 maý 2026
Psalms 85:10
5 maý 2026
Matthew 6:31-32
4 maý 2026
Isaiah 59:1