Meniň neslim hem Hudaýyň öňünde şeýle dälmi näme?! Sebäbi Ol meniň bilen baky äht baglaşdy, bu äht tertip-düzgünli we bozulmazdyr. Meniň halas bolmagym, arzuwlarym Oňa bagly dälmi näme?!
2 Şamuwel 23:5
Gündelik Ýagtylyk
Meniň neslim hem Hudaýyň öňünde şeýle dälmi näme?! Sebäbi Ol meniň bilen baky äht baglaşdy, bu äht tertip-düzgünli we bozulmazdyr. Meniň halas bolmagym, arzuwlarym Oňa bagly dälmi näme?!
2 Şamuwel 23:5
Hut şu sebäbe görä görgi baryny görýän bolsam-da, mundan asla utanmaýaryn, sebäbi Kime iman edenimi bilýärin. Onuň maňa tabşyran zadyny kyýamat gününe çenli saklamagy başarjakdygyna berk ynanýaryn.
2 Timoteos 1:12
Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Mesih arkaly bizi gökdäki ruhy ýalkanyşlaryň ählisi bilen ýalkady. Öz huzurynda mukaddes we müýnsüz bolmagymyz üçin, biri-birimizi söýüp, Isa Mesihe degişli bolmagymyz üçin, Hudaý bizi dünýä ýaradylmazdan öň saýlap-seçdi. Ol Isa Mesih arkaly bizi ogullyga almak barada owaldan karara gelipdi. Bu Onuň göwnüne ýarap, yradasy bilen boldy.
Efesliler 1:3-5
Biz Hudaýy söýýänler we Onuň maksadyna görä çagyrylanlar üçin hemme zadyň olaryň peýdasyna edilýändigini bilýäris. Çünki Hudaý olary ezelden saýlap-seçdi we Ogluna meňzetmegi owaldan karar etdi. Ol muny Isa Mesihiň köp sanly doganlarynyň arasynda nowbahar bolmagy üçin amal etdi. Hudaý ezelden saýlap-seçenlerini çagyrdy, çagyranlaryny aklady, aklanlaryny şan-şöhrata besledi.
Rimliler 8:28-30
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
13 awg 2026
Hebrews 11:16
12 awg 2026
Lamentations 3:31-32
11 awg 2026
Hebrews 2:14
10 awg 2026
John 17:15
9 awg 2026
Song of Solomon 4:7
8 awg 2026
Proverbs 4:18
7 awg 2026
John 14:26