Çünki: «Rebbi çagyran her bir ynsan halas bolar».
Rimliler 10:13
Gündelik Ýagtylyk
Çünki: «Rebbi çagyran her bir ynsan halas bolar».
Rimliler 10:13
Atamyň Maňa beren adamlarynyň bary Maňa geler, Men ýanyma gelenleri asla kowmaryn.
Ýohanna 6:37
Onsoň ol: «Isa, Şalygyňa baran çagyň meni ýatlagyn!» diýdi. Isa hem oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn, sen şu gün Meniň bilen bile jennetde bolarsyň» diýdi.
Luka 23:42-43
Isa aýak çekdi-de, olary çagyryp: «Siziň üçin näme etmegimi isleýärsiňiz?» diýip sorady. Olar Oňa: «Agam, gözümiz açylsyn» diýdiler. Isanyň olara haýpy gelip, gözlerine elini degirdi welin, şobada olaryň gözleri açyldy. Olar hem Isanyň yzyna düşüp gidiberdiler.
Matta 20:32-34
Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere Mukaddes Ruhy has-da köp bermezmi?»
Luka 11:13
Parzlarymy berjaý ederiňiz ýaly, Men sizi ruhum bilen dolduraryn; onsoň hökümlerimi doly ýerine ýetirersiňiz.
Ezekiýel 36:27
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ysraýyl halkynyň Özümden ýene ýardam dilemegine gulak goýup, olar üçin şuny etjek: olary goýun sürüsi kimin köpeltjek.
Ezekiýel 36:37
Biz Hudaýa bil baglaýarys, sebäbi Onuň yradasyna görä näme dilesek, dilegimizi eşidýändigini bilýäris. Onuň ähli dileglerimizi eşidýändigini bilýän bolsak, Ondan dilän zadymyzy aljakdygymyzy-da bilýändiris.
1 Ýohanna 5:14-15
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
7 awg 2026
John 14:26
6 awg 2026
Proverbs 3:12
5 awg 2026
Romans 6:4
4 awg 2026
John 19:30
3 awg 2026
Luke 1:50
2 awg 2026
Revelation 13:8
1 awg 2026
Ephesians 2:8