Ýagtylygyň mesgenine gidýän ýol nirede? Garaňkylygyň mekany nirede?
Eýýup 38:19
Gündelik Ýagtylyk
Ýagtylygyň mesgenine gidýän ýol nirede? Garaňkylygyň mekany nirede?
Eýýup 38:19
Biziň Isa Mesihden eşidip, size yglan edýän habarymyz şudur: Hudaý nurdur, Onda hiç tümlük ýokdur.
1 Ýohanna 1:5
Men dünýädekäm, dünýäniň nury Mendirin» diýip jogap berdi.
Ýohanna 9:5
Biz Onuň bilen ýakyn gatnaşykda ýaşaýandygymyzy aýdyp-da, tümlükde gezýän bolsak, onda ýalan sözleýändiris, hakykaty berjaý edýän däldiris. Emma Hudaýyň nurda bolşy ýaly, biz hem nurda gezýän bolsak, onda biri-birimiz bilen ýakyn gatnaşygymyz bardyr. Onuň Ogly Isanyň gany bizi ähli günäden tämizleýändir.
1 Ýohanna 1:6-7
Nurdaky Öz halkynyň mirasyna şärik bolmaga sizi doly mynasyp eden Ata Hudaýa şatlanyp şükür ediň. Ol bizi garaňkylygyň ygtyýaryndan boşadyp, Öz söýgüli Oglunyň Şalygyna getirdi; Ogly arkaly günälerimizi bagyşlap, bizi azatlyga çykardy.
Kolosiýalylar 1:12-14
Siziň baryňyz nura we gündize degişlisiňiz. Biz tümlüge ýa gijä degişli däldiris.
1 Salonikliler 5:5
Siz dünýäniň yşygysyňyz. Depede gurlan şäheri gizläp bolmaz.
Matta 5:14
Goý, siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde parlasyn, şonda olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrarlar.
Matta 5:16
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
10 awg 2026
John 17:15
9 awg 2026
Song of Solomon 4:7
8 awg 2026
Proverbs 4:18
7 awg 2026
John 14:26
6 awg 2026
Proverbs 3:12
5 awg 2026
Romans 6:4
4 awg 2026
John 19:30