Onsoň Ysraýyl Müsüre geldi, Ýakup Ham ýurdunda gelmişek bolup ýaşady.
Zebur 104:23
Gündelik Ýagtylyk
Onsoň Ysraýyl Müsüre geldi, Ýakup Ham ýurdunda gelmişek bolup ýaşady.
Zebur 104:23
Sen ýerden alnansyň we ýere dolanýançaň, nany maňlaý deriňi döküp iýersiň. Çünki topraksyň sen we ýene-de topraga öwrülersiň».
Gelip çykyş 3:19
Biz hatda siziň ýanyňyzdakak: «Kim işlemek islemeýän bolsa, damak-da iýmesin» diýip buýrupdyk.
2 Salonikliler 3:10
Size buýruşymyz ýaly, gep-gürrüňsiz ýaşamaga, diňe öz işiňiz bilen meşgul bolmaga, eklenjiňizi özüňiz gazanmaga yhlas ediň.
1 Salonikliler 4:11
Eliň etmäge näme tapsa, ony bar güýjüň bilen et, çünki seniň barýan ölüler diýaryňda ne iş, ne düşünje, ne bilim, ne-de danalyk bolar.
Wagyz 9:10
Özümi Ibereniň işlerini Men gündiz etmeli. Gije ýetip gelýär, şonda hiç kim işläp bilmez.
Ýohanna 9:4
Ýagşylyk etmekde ýadamalyň. Eger ruhdan düşmesek, öz wagtynda orarys.
Galatýalylar 6:9
Şoňa görä-de, eý, eziz doganlarym, berk duruň. Goý, sizi asla hiç zat sarsdyrmasyn. Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň. Çünki Reb ugrunda çeken zähmetiňiziň biderek däldigini özüňiz-de bilýänsiňiz.
1 Korintoslylar 15:58
Şunlukda, Hudaýyň halkyna Sabat güni ýaly ýörite bir dynçlyk garaşýar.
Ýewreýler 4:9
«Bu iň soňky gelenler diňe bir sagat işlediler, biz bolsa, jöwzaly yssyda günuzyn agyr zähmet çekdik. Muňa garamazdan sen biziň zähmetimizi olaryňky bilen deň etdiň» diýýärler.
Matta 20:12
Olara: «Bu dynçlyk ýeridir, argynlara dynç beriň, bu dynçlyk ýeridir» diýdi; emma diňlemek islemediler.
Işaýa 28:12
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
10 sen 2026
Jeremiah 32:9
9 sen 2026
Luke 1:53
8 sen 2026
Daniel 5:27
7 sen 2026
Romans 12:12
6 sen 2026
Lamentations 3:41
5 sen 2026
1 Corinthians 12:12
4 sen 2026
Ruth 3:18