Emma Rebbe umyt baglaýanlar täzeden güýç toplarlar, bürgütler dek ganat ýaýyp belende galarlar, ýüwrerler, ýöne ýadamazlar, ýörärler, ýöne ysgyndan gaçmazlar.
Işaýa 40:31
Gündelik Ýagtylyk
Emma Rebbe umyt baglaýanlar täzeden güýç toplarlar, bürgütler dek ganat ýaýyp belende galarlar, ýüwrerler, ýöne ýadamazlar, ýörärler, ýöne ysgyndan gaçmazlar.
Işaýa 40:31
Şu sebäpden men Mesihiň hatyrasyna ejizliklere, sögünçlere, mätäçliklere, yzarlanmalara, muşakgatlara razydyryn. Çünki men ejizkäm güýçlüdirin!
2 Korintoslylar 12:10
Ýakup neslini Özüne gaýtarmagym üçin, Ysraýyly Onuň öňüne toplamagym üçin, ýatgydakam maňa şekil berip, bendesine öwürdi Reb meni. Men Rebbiň nazarynda hormat gazandym, Hudaýym meniň güýç-gudratym boldy.
Işaýa 49:5
Emma Reb şeýle diýdi: «Saňa beren merhemetim besdir, sebäbi Meniň gudratym ejizlikde kämilleşýändir». Şonuň üçin-de, Isa Mesihiň güýji mende mesgen tutsun diýip, öz ejizliklerim barada höwes bilen magtanaryn.
2 Korintoslylar 12:9
Ýa-da ol pena yzlap, Maňa ýapyşsyn, Meniň bilen ýaraşyk etsin, ýaraşyk etsin Meniň bilen.
Işaýa 27:5
Cast your burden on Yahweh, and he will sustain you. He will never allow the righteous to be moved.
Psalms 55:22
Emma Ýakubyň Gudratly Hudaýy, Ysraýylyň Çopany, Gaýasy tarapyndan onuň ýaýy berk, gollary gujurly edildi.
Gelip çykyş 49:24
Ol Ýakuba: «Daň şapagy dogup gelýär, meni goýber!» diýdi. Ýakup oňa: «Tä maňa pata berýänçäň, men seni goýbermerin» diýdi.
Gelip çykyş 32:26
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Rebbiň guly Dawudyň mezmury. Erbet adamyň etmişi ýüreginde seslenýär, Ol Hudaýdan asla gorkmaýar.
Zebur 35:1-2
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
9 sen 2026
Luke 1:53
8 sen 2026
Daniel 5:27
7 sen 2026
Romans 12:12
6 sen 2026
Lamentations 3:41
5 sen 2026
1 Corinthians 12:12
4 sen 2026
Ruth 3:18
3 sen 2026
Exodus 13:7