2008-nji ýyl yzda galyp, 2009-njy ýyla gadam basanymyzda, iki zat ýadyma düşýär. Ilki bilen, biz ýene bir ýyl garrapdyrys, ikinjiden bolsa, Rebbiň gelmegine bir ýyl golaýlaşdyk.
Indi biz Halypamyz Isa Mesihe näderejede meňzeşdigimiz we 2008-nji ýylda Onuň gullugynda bizi näderejede ulanyp biljekdigi barada oýlanmaly wagt geldi.
Reb rehimdar we mähirli, gahar-gazaby haýal, merhemeti uly. Reb hemmelere ýagşylyk edýär... (Zebur 145:8, 9)
Biz Onuň ýagşy bolandygyna şaýatlyk edip bileris, 2008-nji ýylda ähli zerurlyklarymyz goralyp we üpjün edilipdi. Biziň wepasyzlygymyza garamazdan, Ol ýagşy boldy. Bu Hudaýyň tebigaty.
Biz näme etdik? Fiziki ýaşymyz ulalanda, ruhy ýaşymyz hem ulaldymy? Biz Onuň içinde ýöräp bildikmi? Ýöremek ösüş, öňe hereket. Ruhy durmuşymyzda näderejede ösüp bildik? Özümize jogap bermeli köp soraglar bar. Başgalara Mesihi şaýatlyk etmek biziň borjumyz, ýöne Mesihi durmuşymyzda görkezmek we ýaşamak biziň ruhy ýolumyzdyr.
Garaşýan beýleki zadymyz bolsa Rebbimiziň gelmegidir. Onuň gelmegi bize şatlyk getirýär, ýöne bu biziň sylaglarymyzy aljak wagtymyz hem. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär:
Biz hemmämiz Mesihiň höküm kürsüsiniň öňünde durmaly; her kim öz bedeninde eden işleri üçin sylag alar (2 Korinfliler 5:10)
Mesihiň höküm kürsüsü hakykatdyr we Onuň öňünde durmaly bolmagymyz bir faktdyr. Şonuň üçin Mesihiň höküm kürsüsinden hormatly gorky bilen gorkalyň we Hudaýa ähmiýet we şöhrat berýän durmuşda ýaşalyň.
Eger Hudaý islese we biz ýene bir ýyly görsek, ruhy durmuşymyzda ösüş edeliň, Onuň gelmegine garaşalyň we Mesihiň höküm kürsüsinden hormatly gorkyny duýalyň.
Mähriban Reb, biz 2009-njy ýyldaky ýer ýüzündäki durmuşymyzda Saňa has meňzeş bolmak isleýäris. Amin.


