«Şuny ýadyňyzda saklaň: az eken adam az orar, jomartlyk bilen eken adam bolsa jomartlyk bilen orar.» (2 Korintoslylar 9:6)
Siz hristiançylygyňyzda maksatly bolmaga çagyrylýarsyňyz. Hristian durmuşyňyzyň her bir ýerinde Hudaýyň dolulygyny başdan geçirmäge we Gudratygüýçli Hudaý bilen ýüzleý, biperwaý gatnaşykda bolmaga hiç haçan razy bolmazlyga karar bermeli. Hudaý sizi Öz çakylyklaryna nähili jogap berşiňize görä pataladar. Eger Ol sizde beýlekilere islegli we erkin berýän jomart ýüregi tapsa, onda Hudaý size şonuň ýaly jogap berer.
Pawlus resul Korintosdaky imanlylary Iýerusalimdäki hristianlara kömek etmäge höweslendireninde, olara jomartlyk bilen ekseler, Hudaýdan jomart hasyl aljakdyklaryny wada berdi.
Bu hakykat biziň üçin durmuşy üýtgediji mümkinçilige eýe. Eger biz Hudaý bilen gatnaşygymyza ähli zadymyzy goýsak, Hudaýyň çagalary bolmagyň doly ölçeglerini başdan geçireris. Eger biziň islegimiz Hudaýy has ýakyndan tanamak bolsa we biz Onuň Sözüni öwrenmäge ýeterlik wagt sarp etsek, Hudaý Onuň bilen gatnaşygymyzy jomartlyk bilen baýlaşdyrar. Eger biz doga etmek kyn bolanda-da dogada galmak üçin özümizi terbiýelesek, Ol bize has çuňňur, has güýçli doga durmuşy bilen sylaglar. Eger biz bozuk gatnaşyklary düzeltsek we ybadatdan öň ýüregimizi taýýarlasak, we ybadatyň her bir bölegine doly we hormat bilen gatnaşsak, Hudaý biz bilen duşuşjakdygymyzy we durmuşymyzyň üýtgejekdigini wada berýär.
Näme üçin käbir hristianlar hristian imanlarynda çalt ösýärler, beýlekiler bolsa ýyldan ýyla üýtgewsiz galýarlar? Biziň hristian ýetişenligimiz eken zadymyzdan çuňňur täsir alýar. Geliň, hristian durmuşymyzda edýän ähli zadymyzda jomartlyk bilen ekmegi saýlalyň, orajak hasylymyz Mesih ýaly bolmak bolar.
HB.RB.




