Harun bu ýerde aýratyn bir waka, ýagny Beýik Günäniň Öwezini Dolmak Güni (Lew. 23:27) üçin görkezmeler alýar. Ýewreýler 9-njy bap (7, 12, 25-nji aýatlar) bu wakany agzap geçýär. Ýylda bir gezek, özü üçin gurbanlyk berenden soň, baş ruhany ýylyň dowamynda edilen ähli halkyň günäleri üçin başga bir gurbanlyk berýärdi. Soňra ol bu gurbanlygyň ganyny perdeniň içine getirip, merhemet tagtyna sepiýärdi. Bu hereket merhemet tagtyna adyny berýär. «Jan üçin günäniň öwezini dolýan gandyr» (Lew. 17:11). Hudaýyň tagtynyň talaplary ýerine ýetirildi we Ol Öz halkyna merhemet bilen seredip bilýärdi. Bir geçiniň ganynyň bir ýylyň dowamynda halkyň eden ähli günälerini ýuwup biljek güýji bardy diýmek däl, ýöne ol Hudaýa Öz Guzusynyň gymmatly gany barada öňünden aýdýardy.
Biziň pikir edişimizden tapawutlylykda, Harun Rebiň öňünde şöhrat we gözellik eşiklerinde görünmelidi. Ol Hudaýyň şöhratynyň huzurynda ähli şöhratyny çykardy we diňe inçe keten eşiklerinde (16:4), amaly dogrulygyň nyşany (Ylham 19:8) bilen görünip bilýärdi.
Hoş ysy perdeniň içine Harun bilen bile girdi. Şonuň ýaly-da, Mesih Mukaddes ýere girdi, Hudaýa Öz ähli ajaýyp şöhratlarynyň hoş ysyny hödürledi.





