Çünki ýeke-täk bir Hudaý bardyr. Hudaý bilen adamlaryň arasynda hem ýeke-täk bir Töwellaçy bardyr. Ol hem ynsan bolan Isa Mesihdir.
1 Timoteos 2:5
Gündelik Ýagtylyk

Çünki ýeke-täk bir Hudaý bardyr. Hudaý bilen adamlaryň arasynda hem ýeke-täk bir Töwellaçy bardyr. Ol hem ynsan bolan Isa Mesihdir.
1 Timoteos 2:5
Bu çagalar ynsan bolandyklary üçin, Isa hem olar ýaly ynsan boldy. Ölüme duçar edýän iblisi Ol Öz ölümi arkaly ýok etdi we
Ýewreýler 2:14
Eý, ýeriň dört künjegindäkiler, Maňa dolanyň-da, halas boluň! Men Hudaýdyryn, Menden başgasy ýokdur.
Işaýa 45:22
Eziz balalarym! Men size şulary günä etmezligiňiz üçin ýazýaryn. Emma kimdir biri günä etse, Atanyň huzurynda aklawçymyz Isa Mesih bar, Ol adyldyr.
1 Ýohanna 2:1
indi bolsa Isa Mesihe degişlisiňiz. Siz birwagtlar Hudaýdan uzakdyňyz, indi bolsa Isa Mesihiň döken gany arkaly Oňa ýakynsyňyz. Hakykatdanam, Mesihiň Özi biziň parahatlygymyzdyr. Ol Öz janyny gurban edip, bu iki topary bir etdi, olaryň arasyndaky duşmançylyk diwaryny ýykyp taşlady.
Efesliler 2:13–14
Ol Iň mukaddes otaga erkeçleriň, göleleriň gany bilen däl-de, Öz gany bilen girip, bir gezekde biziň baky azatlygymyzy gazandy.
Ýewreýler 9:12
Şu sebäpli hem çagyrylanlary Hudaýyň wada eden ebedi mirasyna gowşurmak üçin, Isa Mesih täze ähtiň Binýatçysy boldy. Olary owalky äht döwründe eden günäleriniň jezasyndan azat etmek üçin Ol gurban boldy.
Ýewreýler 9:15
Şeýlelikde, Isa Özi arkaly Hudaýa gelýänleri ebedilik halas etmegi başarýandyr. Çünki Isa Mesih olar üçin hemişe Hudaýa töwella edýär.
Ýewreýler 7:25
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
12 mart 2024
Çölde 6:25–26
11 mart 2024
Çölde 6:24
10 mart 2024
Gelip çykyş 22:14
9 mart 2024
1 Timoteos 6:17
8 mart 2024
Işaýa 38:17
7 mart 2024
Işaýa 54:5
6 mart 2024
Süleýmanyň pähimleri 2:8
Mukaddes Kitaby Öwrenmek
Hudaýyň Sözüni we onuň güýjüni täzeden açyň. Patyşa Ýoşiýanyň ýitirilen Kanun kitabyny tapmak mysalyndan…
Roždestwo
Bu Roždestwoda Mesihde hakyky degişliligi, howpsuzlygy we optimizmi tapyň. Ýer ýüzündäki öýler ýykylsa-da…
Mukaddes Ruh
Mukaddes Ruh baradaky Mukaddes Kitap hakykatyny öwreniň: Onuň ylahy şahsyýeti, işi we iman edýänleriň içinde…

Mukaddes Kitaby Öwrenmek
Hudaýyň Sözüni we onuň güýjüni täzeden açyň. Patyşa Ýoşiýanyň ýitirilen Kanun kitabyny tapmak mysalyndan…
Halasgärlik
Näme üçin indi Mesih hakda oýlanmak üçin kabul edilen wagtdygyny, durmuşyň soňky döwürlerinde däldigini…

Roždestwo
Bu Roždestwoda Mesihde hakyky degişliligi, howpsuzlygy we optimizmi tapyň. Ýer ýüzündäki öýler ýykylsa-da…