Katdy-kamatyň neneňsi gözel, eý, dildarym! Sende hiç bir kemlik ýok.
Nagmalar 4:7
Gündelik Ýagtylyk
Katdy-kamatyň neneňsi gözel, eý, dildarym! Sende hiç bir kemlik ýok.
Nagmalar 4:7
Näme üçin ýene-de jeza gözleýärsiňiz? Näme üçin başbozarlygyňyzy bes etmeýärsiňiz? Başyňyz bütinleý ýaralanan, ýüregiňiz durşuna solup-saralan. Depäňizden dabanyňyza çenli sagat ýeriňiz ýok, gan öýmelerdir, ýaralar, gany akyp duran ýaralar. Olar arassalanmadyk, saralmadyk, ýag bilen ýumşadylmadyk.
Işaýa 1:5-6
Haram adam deý bolduk ählimiz, ähli dogry işlerimiz haram esgi deý. Solýarys biz ýaprak deý, ýel dek alyp gidýär ýazyklarymyz bizi.
Işaýa 64:6
Mende, hawa, ynsan tebigatymda oňat zadyň ýokdugyny anyk bilýärin. Sebäbi oňat işleri etmäge islegim bolsa-da, olary amal etmegi başarmaýaryn.
Rimliler 7:18
Siziň-de käbirleriňiz şolar ýalydyňyz. Ýöne siz Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen Hudaýymyzyň Ruhy arkaly ýuwuldyňyz, Hudaýyň mukaddes halky bolduňyz, aklandyňyz.
1 Korintoslylar 6:11
The princess inside is all glorious. Her clothing is interwoven with gold.
Psalms 45:13
Owadanlygyň sebäpli şöhratyň milletleriň arasyna ýaýrady, saňa bagyşlan şöwketim sebäpli owadanlygyň kämildi. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
Ezekiýel 16:14
Let the favor of the Lord our God be on us; establish the work of our hands for us; yes, establish the work of our hands.
Psalms 90:17
Men: «Muny sen bilýänsiň, agam!» diýip jogap berdim. Ýaşuly: «Bular şol agyr muşakgatlary başdan geçirenler. Olar öz lybaslaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, olary ap-ak etdiler.
Aýanlyk 7:14
Ol muny Öz huzuryna tegmiltsiz, ýygyrtsyz, birkemsiz, ýagny şöhratda mukaddes hem müýnsüz bir ajaýyp ýygnagy getirmek üçin etdi.
Efesliler 5:27
Siz hem her bir güýjüň we ygtyýarlygyň başy bolan Mesih arkaly bitewülige gowuşdyňyz.
Kolosiýalylar 2:10
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
8 awg 2025
Proverbs 4:18
7 awg 2025
John 14:26
6 awg 2025
Proverbs 3:12
5 awg 2025
Romans 6:4
4 awg 2025
John 19:30
3 awg 2025
Luke 1:50
2 awg 2025
Revelation 13:8