Soňra Reb ýene-de: «Men halkymyň Müsürde çekýän jebir-sütemini, hakykatdan-da, gördüm, olaryň müsür hojaýynlaryndan ýaňa nalaýandyklaryny eşitdim. Men olaryň çekýän jebir-jepalaryny bilýärin.
Müsürden çykyş 3:7
Gündelik Ýagtylyk
Soňra Reb ýene-de: «Men halkymyň Müsürde çekýän jebir-sütemini, hakykatdan-da, gördüm, olaryň müsür hojaýynlaryndan ýaňa nalaýandyklaryny eşitdim. Men olaryň çekýän jebir-jepalaryny bilýärin.
Müsürden çykyş 3:7
Ol äsgerilmedi, ynsanlar ony ret etdi, ol derdi, hassalygy bilýän adamdy; adamlar ondan ýüzlerini öwürdiler, ol äsgerilmedi, hiç zatça-da görmedik ony biz.
Işaýa 53:3
Baş Ruhanymyz asla günä etmedik hem bolsa, edil biz ýaly ähli tarapdan synaglara salnypdy. Şonuň üçin hem Ol biziň ejizliklerimize düşünýär.
Ýewreýler 4:15
Şunlukda, Işaýa pygamberiň üsti bilen aýdylan şu sözler berjaý boldy: «Ol biziň hassalygymyzy Öz üstüne aldy, biziň dertlerimizi çekdi».
Matta 8:17
Ýakubyň guýusy-da şol ýerdedi. Ýol ýöräp ýadan Isa guýynyň başynda oturdy. Wagt günortan bolup barýardy.
Ýohanna 4:6
Merýemiň we onuň bilen bile gelen ýahudylaryň aglaýanyny görende, Isanyň kalbyny çuňňur gynanç gaplap, ýüregi gyýyldy.
Ýohanna 11:33
Isanyň gözlerinden boýur-boýur ýaş akdy.
Ýohanna 11:35
Isanyň Özi synaga salnyp, görgi baryny görendigi üçin, synaga düşenlere kömek etmegi başarýandyr.
Ýewreýler 2:18
Reb tagtyny göklerde berkarar etdi, Onuň şalygy ähli ýere hökmürowandyr. Eý, Rebbiň edermen perişdeleri – Onuň buýruklaryny berjaý edýänler, Onuň aýdan sözüne tabyn bolýanlar, Rebbi alkyşlaň!
Zebur 102:19-20
Emma Ol meniň ýöreýän ýolumy bilýär, meni synaga salanda, altyn deý päk çykaryn.
Eýýup 23:10
Duşmanlar aňtaýar meniň janymy, ýer bilen ýegsan etdiler ýaşaýşymy, gadymyýetde ölenler kimin, olar tümlükde oturtdy meni.
Zebur 142:3
Çünki Hökmürowan Reb meni Öz şöhraty üçin iberdi. Sizi talan halklar babatda Ol şeýle diýýär: «Siona degen hut Meniň görejime degýändir.
Zakarýa 2:8
Olar azap çekende, gynandy Ol. Huzuryndan gelen perişde olary halas etdi; söýgüsi we rehimi bilen azat etdi olary; owaldan olary elinde göterip geldi.
Işaýa 63:9
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
23 awg 2025
Jeremiah 31:3
22 awg 2025
Romans 14:7-8
21 awg 2025
Psalms 119:57
20 awg 2025
Numbers 23:19
19 awg 2025
1 Peter 1:15
18 awg 2025
Deuteronomy 3:24
17 awg 2025
James 5:16