Mundan beýläk Men size gul diýmerin, sebäbi gul hojaýynynyň näme edýänini bilýän däldir. Men size dost diýýärin, sebäbi Atamdan eşiden ähli zatlarymy size aýtdym.
Ýohanna 15:15
Gündelik Ýagtylyk
Mundan beýläk Men size gul diýmerin, sebäbi gul hojaýynynyň näme edýänini bilýän däldir. Men size dost diýýärin, sebäbi Atamdan eşiden ähli zatlarymy size aýtdym.
Ýohanna 15:15
Reb şeýle diýdi: «Etjek bolýan işimi Ybraýymdan gizläýinmi?!
Gelip çykyş 18:17
Ol şeýle jogap berdi: «Gögüň Şalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, olara berilmedi.
Matta 13:11
Bize bolsa Hudaý bu danalygy Öz Ruhy arkaly aýan etdi. Çünki Mukaddes Ruh ähli zady, hatda Hudaýyň çuň pikirlerine düşünýändir.
1 Korintoslylar 2:10
Biz Hudaýyň syrly, ýaşyryn saklanylan danalygyny sözleýäris. Hudaý bu danalygy biziň hem Onuň şöhratyna şärik bolmagymyz üçin, ony dünýä ýaradylmazdan öň niýetläpdi.
1 Korintoslylar 2:7
Saňa sežde edýär bütin ýer ýüzi; olar Saňa nagma aýdýarlar, Seniň adyňa nagma aýdýarlar». Sela
Zebur 65:4
The friendship of Yahweh is with those who fear him. He will show them his covenant.
Psalms 25:14
Çünki Maňa aýdan sözleriňi Men olara ýetirdim. Olar sözleriňi kabul edip, Meniň, hakykatdan-da, Senden gelendigimi bildiler. Meni Seniň iberendigiňe iman etdiler.
Ýohanna 17:8
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
7 few 2026
Deuteronomy 8:10-11
6 few 2026
1 Timothy 1:14
5 few 2026
John 10:10
4 few 2026
Deuteronomy 17:16
3 few 2026
Haggai 2:4
2 few 2026
1 Chronicles 4:10
1 few 2026
1 Peter 1:8