5 fewral 2026 penşenbe

Gündelik Ýagtylyk

5 few 2026

Ogry diňe ogurlamak, öldürmek, ýok etmek üçin gelýändir. Emma Men olara ýaşaýyş, bolelin ýaşaýyş bermek üçin geldim.

Ýohanna 10:10

Ýöne ýagşyny-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden iýmegin, çünki şondan iýen günüň sen hökman ölersiň».

Gelip çykyş 2:17

Aýal bu agajyň miwesiniň iýmit üçin gowudygyny, göze ýakymlydygyny we onuň akyl-paýhas berýändigini görüp, ondan alyp iýdi. Ýanyndaky adamsyna-da berdi, ol hem iýdi.

Gelip çykyş 3:6

Çünki günäniň muzdy ölüm, Hudaýyň peşgeşi bolsa Rebbimiz Isa Mesih arkaly berilýän baky ýaşaýyşdyr.

Rimliler 6:23

Çünki bir adamyň günäsi zerarly we şol adam arkaly ölüm höküm sürüp başlady. Emma Hudaýyň çäksiz merhemeti bilen aklanma peşgeşiniň bollugyny alanlaryň bary indi bir Adam, ýagny Isa Mesih arkaly baky ýaşaýyşda höküm sürerler.

Rimliler 5:17

Çünki ölümiň bu dünýä adam arkaly gelşi ýaly, ölümden direliş-de adam arkaly gelýändir. Adam atanyň nesilleriniň ählisi ölýär. Şunuň ýaly, Isa Mesihe degişli bolanlaryň-da ählisi ýaşaýşa gowşar.

1 Korintoslylar 15:21-22

şindi Halasgärimiz Isa Mesihiň gelmegi bilen aýan edildi. Ol ölümi ýok edip, Hoş Habar arkaly baky ýaşaýşy we ölmezligi aýan etdi.

2 Timoteos 1:10

Hudaýyň şaýatlygy, ine, şundan ybarat: Hudaý bize baky ýaşaýyş berdi, bu ýaşaýşy Öz Ogly arkaly berdi. Kim Hudaýyň Ogluna iman edýän bolsa, onda ýaşaýyş bardyr, kim iman etmeýän bolsa, onda ýaşaýyş ýokdur.

1 Ýohanna 5:11-12

Hudaý Ogluny dünýäni höküm etmek üçin däl-de, eýsem dünýä Ol arkaly halas bolsun diýip iberdi.

Ýohanna 3:17

Emeli intellekt bilen terjime edilen, Mukaddes Kitap sitatalary hem şol sanda — islendik salgylamany açyp, Mukaddes Kitap terjimesinde okaň.

Eliňizdäki Mukaddes Kitap her bir adam üçin iň wajyp kitapdyr! Bu kitap arkaly adamzat öz Ýaradyjysy Hudaýy tanap, Onuň biz üçin niýetlän ajaýyp maksadyny öwrener we iman edip, baky ýaşaýşa eýe bolar.

Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).

Soňky günler