11-Biz sizi Öz Şalygyna, şöhratyna çagyrýan Hudaýa mynasyp ýaşamagyňyzy tabşyrdyk. Biz siziň her biriňize atanyň öz perzendine garaýşy kimin garap, sizi ruhlandyrdyk, göwünlik berdik. Bularyň baryny özüňiz-de bilýänsiňiz.
1 Salonikliler 2:12
Gündelik Ýagtylyk
11-Biz sizi Öz Şalygyna, şöhratyna çagyrýan Hudaýa mynasyp ýaşamagyňyzy tabşyrdyk. Biz siziň her biriňize atanyň öz perzendine garaýşy kimin garap, sizi ruhlandyrdyk, göwünlik berdik. Bularyň baryny özüňiz-de bilýänsiňiz.
1 Salonikliler 2:12
Isa oňa: «Meniň Patyşalygym bu dünýäden däl. Eger Meniň Patyşalygym bu dünýäden bolsady, onda hyzmatkärlerim Meni ýahudylaryň eline berdirmejek bolup göreşerdiler. Emma Meniň Patyşalygym başga ýerdendir» diýdi.
Ýohanna 18:36
Şondan bäri hem Ol duşmanlarynyň aýak astyna salynmagyna garaşýar.
Ýewreýler 10:13
Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.
Aýanlyk 11:15
Sen olardan şalyk ýaratdyň, Hudaýymyza hyzmat etmek üçin olary ruhany bellediň, olar ýer ýüzünde şalyk sürerler!
Aýanlyk 5:10
Onsoň men tagtlary, olaryň üstünde oturanlary gördüm. Olara kazylyk etmeklik ygtyýary berildi. Mundan başga-da, men Isa we Hudaýyň Hoş Habary hakda şaýatlyk edenleri üçin başlary kesilenleriň janlaryny gördüm. Olar jandara we onuň butuna sežde etmändiler, maňlaýyna ýa-da ellerine onuň tagmasyny basdyrmandylar. Olar direlip, Mesih bilen müň ýyl şalyk sürdüler.
Aýanlyk 20:4
Şonda dogry adamlar gökdäki Atasynyň Şalygynda Gün kimin parlarlar. Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!»
Matta 13:43
Gorkma, eý, kiçijik süri! Çünki Ataňyz Şalygy size bermegi makul bildi.
Luka 12:32
Atamyň Meni Patyşa belleýşi ýaly, Men-de sizi patyşa edip belleýärin. Siz Meniň Şalygymda iýip-içersiňiz we tagtlarda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresiniň üstünden kazylyk edersiňiz».
Luka 22:29-30
Patyşalygyň gelsin! Gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn!
Matta 6:10
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
23 mart 2026
Revelation 4:8
22 mart 2026
Genesis 13:10-11
21 mart 2026
Revelation 3:2
20 mart 2026
Psalms 119:130
19 mart 2026
Acts 3:26
18 mart 2026
Isaiah 38:14
17 mart 2026
Leviticus 1:4