Emma olar Ony saklap: «Biziň ýanymyzda galaý, basym agşam düşer, gün ýaşyp barýar» diýdiler. Şeýlelikde, Isa olaryň ýanynda galdy.
Luka 24:29
Gündelik Ýagtylyk
Emma olar Ony saklap: «Biziň ýanymyzda galaý, basym agşam düşer, gün ýaşyp barýar» diýdiler. Şeýlelikde, Isa olaryň ýanynda galdy.
Luka 24:29
Ine, men işikde duryn, gapyny kakýaryn. Sesimi eşidip, gapyny açanyň öýüne girerin. Men onuň bilen, ol hem Meniň bilen bir saçak başynda tagam iýer.
Aýanlyk 3:20
Eý, gözelleriň soltany! Eger bilmeseň, süriniň yzy bilen git, çopanlaryň çadyrynyň ýanynda owlaklaryňy bak.
Nagmalar 1:7
Olaryň deňinden geçen dessime, köňül aşygymy tapdym men. Ony saklap, enemiň öýüne, meni dogranyň otagyna getirýänçäm, goýbermedim.
Nagmalar 3:4
Oýan, eý, demirgazyk ýeli! Gel, eý, günorta ýeli! Bagymyň üstünden öwüs, onuň atyr ysy çar tarapa ýaýrasyn. Ýarym öz bagyna gelsin, saýlama miwelerini iýsin!
Nagmalar 4:16
Men gizlinlikde, tümlük mekanynda geplemedim, Ýakubyň nesline: «Meni çola ýerden agtaryň» diýmedim. Men – Rebbiň sözleýäni hakykatdyr, dogrulykdyr beýan edýäni.
Işaýa 45:19
Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.
Matta 28:20
Puluň yşkyna düşmäň. Eliňizdäki baryna kanagat ediň. Sebäbi Hudaý: «Men sizi hiç wagt ýeke taşlamaryn, terk etmerin» diýdi.
Ýewreýler 13:5
Meniň adym bilen iki ýa-da üç adam üýşse, Men hem olaryň arasynda bolaryn».
Matta 18:20
Az salymdan soň dünýä Meni görmez, emma siz görersiňiz. Meniň ýaşaýandygym üçin, siz-de ýaşarsyňyz.
Ýohanna 14:19
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
22 mart 2026
Genesis 13:10-11
21 mart 2026
Revelation 3:2
20 mart 2026
Psalms 119:130
19 mart 2026
Acts 3:26
18 mart 2026
Isaiah 38:14
17 mart 2026
Leviticus 1:4
16 mart 2026
James 4:14