Imandaky doganlaryňyz mätäçlik çekse, olara kömek beriň, myhmansöýer boluň.
Rimliler 12:13
Gündelik Ýagtylyk
Imandaky doganlaryňyz mätäçlik çekse, olara kömek beriň, myhmansöýer boluň.
Rimliler 12:13
Dawut: «Ýonatanyň hatyrasy üçin ýagşylyk ederim ýaly, Şawulyň neslinden galan barmyka?» diýip sorady.
2 Şamuwel 9:1
Onsoň Patyşa sagyndakylara şeýle diýer: „Eý, Atamyň ýalkanlary! Geliň-de, dünýä ýaradylandan bäri siziň üçin taýýarlanan patyşalygy miras alyň. Sebäbi Men açdym – nan berdiňiz, teşnedim – suw berdiňiz, kesekidim – myhman aldyňyz, ýalaňaçdym – don berdiňiz, hassadym – bejerdiňiz, zyndandadym – görmäge geldiňiz“.
Matta 25:34-36
Patyşa olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň pes saýylýan doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz“ diýip jogap berdi.
Matta 25:40
Kim Meniň şägirdimiň hormaty üçin, bu pes saýylýanlaryň birine diňe bir käse sowuk suw berse-de, size dogrusyny aýdýaryn, ol asla sylagsyz galmaz».
Matta 10:42
Ýagşylyk etmegi we elde baryňyzy beýlekilere eçilmegi unutmaň, sebäbi şunuň ýaly sadakalar Hudaýa ýaraýandyr.
Ýewreýler 13:16
Hudaý adalatlydyr. Ol siziň bitiren işiňizi, Onuň halkyna eden we edýän hyzmatyňyz bilen Özüne bolan mähir-muhabbetiňizi unutmaz.
Ýewreýler 6:10
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
25 mart 2026
Hebrews 13:5-6
24 mart 2026
Genesis 15:6
23 mart 2026
Revelation 4:8
22 mart 2026
Genesis 13:10-11
21 mart 2026
Revelation 3:2
20 mart 2026
Psalms 119:130
19 mart 2026
Acts 3:26