Ynsan ýüreginiň jümmüşini bilýän Hudaý Mukaddes Ruhuň pikirlerine düşünýändir. Sebäbi Mukaddes Ruh Hudaýyň islegine görä Onuň halky üçin ýalbarýandyr.
Rimliler 8:27
Gündelik Ýagtylyk
Ynsan ýüreginiň jümmüşini bilýän Hudaý Mukaddes Ruhuň pikirlerine düşünýändir. Sebäbi Mukaddes Ruh Hudaýyň islegine görä Onuň halky üçin ýalbarýandyr.
Rimliler 8:27
Şol gün Menden hiç zat soramarsyňyz. Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer. Şu wagta çenli siz Meniň adymdan hiç zat dilemediňiz. Diläň, alarsyňyz, şatlygyňyz dolup-daşar.
Ýohanna 16:23-24
Her bir ýagdaýda ýalbarmak bilen, Mukaddes Ruhuň ylhamy arkaly Hudaýa doga-dileg ediň. Hüşgär boluň, Hudaýyň ähli halky üçin hemişe dilegde boluň.
Efesliler 6:18
Biz Hudaýa bil baglaýarys, sebäbi Onuň yradasyna görä näme dilesek, dilegimizi eşidýändigini bilýäris. Onuň ähli dileglerimizi eşidýändigini bilýän bolsak, Ondan dilän zadymyzy aljakdygymyzy-da bilýändiris.
1 Ýohanna 5:14-15
Hudaýyň islegi şulardyr: mukaddes boluň, zyna etmäň;
1 Salonikliler 4:3
Çünki Hudaý bizi haramlyga däl-de, halal ýaşamaga çagyrdy. Şoňa görä-de, bu tabşyryklary ret edýän adam ynsany däl, eýsem Öz Mukaddes Ruhuny berýän Hudaýy ret edýändir.
1 Salonikliler 4:7-8
Hemişe şatlanyň. Dyngysyz doga-dileg ediň. Her ýagdaýa şükür ediň. Hawa, Isa Mesihe degişli bolan siz babatda Hudaýyň islegi şulardyr. Mukaddes Ruhuň oduny söndürmäň.
1 Salonikliler 5:16-19
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
14 iýun 2026
Philippians 3:10
13 iýun 2026
John 15:4
12 iýun 2026
Numbers 31:23
11 iýun 2026
Luke 15:20
10 iýun 2026
Luke 15:13
9 iýun 2026
John 7:46
8 iýun 2026
Genesis 39:3