Oglum, ýüregiňi maňa bagla, gözleriňi meniň ýollaryma dik.
Süleýmanyň pähimleri 23:26
Gündelik Ýagtylyk
Oglum, ýüregiňi maňa bagla, gözleriňi meniň ýollaryma dik.
Süleýmanyň pähimleri 23:26
Käşgä olar diňe şu pikirde bolup, Menden gorkup, ähli buýruklarymy hemişe saklasadylar, onda olar we olaryň çagalary hemişe eşretde ýaşardylar!
Kanun taglymaty 5:29
Bu işde seniň ne paýyň, ne-de hakyň bar, sebäbi seniň ýüregiňe düwen niýetiň Hudaýyň nazarynda dogry däl.
Resul 8:21
Ynsan höweslerinden döreýän pikirler Hudaýa duşmandyr. Sebäbi olar Hudaýyň Kanunyna tabyn däldir, aslynda tabyn bolmagy başarýan hem däldir. Şonuň üçin-de, ynsan höweslerine görä ýaşaýanlar Hudaýyň göwnünden turup bilmez.
Rimliler 8:7-8
Bu eden tamamyzdan-da artyk boldy. Olar özlerini ilki Rebbe, soňra-da Hudaýyň islegine görä bize bagyş etdiler.
2 Korintoslylar 8:5
Hudaýyň öýüne hyzmat etmekde eden her işinde, kanuny we tabşyryklary saklamakda, Hizkiýa öz Hudaýyny bütin kalby bilen agtardy. Şonuň üçin-de, onuň edenleri rowaçlandy.
2 Ýyl ýazgylary 31:21
Bar güýjüň bilen ýüregiňi gora, çünki ýaşaýşyň gözbaşy ýürekden gaýdýar.
Süleýmanyň pähimleri 4:23
Näme etseňiz, ynsanlar üçin däl-de, Reb üçin edýän ýaly, çyn ýürekden ýerine ýetiriň.
Kolosiýalylar 3:23
Muny diňe olaryň öňünde merhemet gazanmak üçin däl-de, eýsem Mesihiň guly hökmünde Hudaýyň yradasyny ak ýürekden ýerine ýetirmek üçin ediň. Adamlara däl-de, Rebbe hyzmat edýän kimin tüýs ýürekden hyzmat ediň.
Efesliler 6:6-7
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
9 iýul 2026
Zechariah 3:4
8 iýul 2026
1 John 1:9
7 iýul 2026
Matthew 4:1
6 iýul 2026
Colossians 4:6
5 iýul 2026
1 John 4:16
4 iýul 2026
John 13:23
3 iýul 2026
Romans 8:17