Şeýdip, Harun we onuň ogullary ysraýyllara Meniň adym bilen pata bersinler, Men hem olary ýalkaryn“».
Çölde 6:27
Gündelik nur
Şeýdip, Harun we onuň ogullary ysraýyllara Meniň adym bilen pata bersinler, Men hem olary ýalkaryn“».
Çölde 6:27
Ýa Reb, Hudaýymyz, Senden başga hökümdarlar bize agalyk etdiler, emma biz diňe Seniň adyňa hormat goýýarys.
Işaýa 26:13
Owaldan bäri üstlerinden Sen höküm sürmedik, Seniň adyň dakylmadyk halka meňzedik biz.
Işaýa 63:19
Ýer ýüzündäki ähli halklar siziň Reb tarapyndan saýlanandygyňyzy görerler we olar sizden gorkarlar.
Kanun taglymaty 28:10
Şöhratly adynyň hatyrasyna Reb Öz halkyny terk etmez, çünki Ol sizi Öz halky etmekden hoşal boldy.
1 Şamuwel 12:22
Ýa Reb, eşit! Bagyşla, ýa Reb! Ýa Reb, diňle we amala aşyr! Öz hatyraň üçin, eý, Hudaýym gijikdirme! Çünki şäher we halk Seniň adyňy göterýändir!»
Danyýel 9:19
Üzüm nahalyny Sen Müsürden getirdiň, milletleri kowup, ony oturtdyň. Sen onuň üçin taýýarladyň topragy, ol kök urup, doldurdy ýurdy.
Zebur 79:9–10
Rebbiň ady berk galadyr, dogruçyllar onuň içine özüni atyp howpsuz bolýarlar.
Süleýmanyň pähimleri 18:10
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
Zebur 19:1
Hudaýyň göze görünmeýän häsiýetleri: ebedi gudraty we hak Hudaýdygy dünýä ýaradylaly bäri Onuň ýaradan zatlaryndan mese-mälim görünýändir. Şoňa görä-de, adamlaryň: «Hudaý hakda bilmeýäris» diýmäge hiç tutarygy ýokdur.
Rimliler 1:20
Muňa garamazdan, Ol Özüniň bardygyny hiç haçan subutsyz goýmaýar. Serediň! Size ýagşylyk edip, asmandan ýagyş ýagdyrýar, möwsüminde hasyl berýär, garnyňyzy birkemsiz doýrup, ýürekleriňizi şatlykdan doldurýar» diýdiler.
Resul 14:17
Muşakgatly günde Reb saňa jogap bersin, Ýakubyň Hudaýy seni gorasyn. Ol saňa mukaddes öýden ýardam ibersin hem-de Siondan seni goldasyn.
Zebur 19:2–3
Sen Öz ýagylaryň sebäpli, duşmandyr öç alýany dymdyrmak üçin, çagalaryň, bäbekleriň alkyşlaryndan gala ýaratdyň. Seniň gökleriňe – barmaklaryň işine, Seniň goýan Aýdyr ýyldyzlaryňa nazar aýlanymda, şeýle diýýärin:
Zebur 8:3–4
Günüň öz görki, aýyň öz görki bardyr, ýyldyzlaryň-da öz görki bardyr. Bir ýyldyzyň görki beýleki ýyldyzyňkydan tapawutlydyr. Merhumlaryň direlişi-de şuňa meňzeýändir. Çüýreýän beden jaýlanyp, çüýremejek beden direlýär.
1 Korintoslylar 15:41–42
Akylly adamlar asman şöhlesi deýin nur saçarlar, köp adamlary dogry ýola ündänler hem ýyldyzlar deý baky hem ebedilik ýagty saçarlar.
Danyýel 12:3
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
Soňky günler
Hemmesini gör27 sen 2026
26 sen 2026
25 sen 2026
24 sen 2026
23 sen 2026
22 sen 2026
21 sen 2026

Ybadat
Zebur 19-da Hudaýdan iki güýçli habary açyň, ýaradylyş arkaly Onuň ägirt uly güýjüni we Sözi arkaly Onuň berk…

Hudaýyň Kuwwaty
Rimliler 1 Hudaýyň güýjüni ýaradylyşda, halas ediji Hoş Habarda we Mesihiň direlmeginde açýar. Iň uly…

Ýaradylyş
Hudaý gökleri we ýeri ýaratdy, we Hudaý: ‘Suwlaryň ortasynda giňişlik bolsun’ diýdi (aý. 1:20) Hudaý: ‘suwuň…

Iman
Ýewreýler 11-däki Köne Äht gahrymanlaryndan sapak alyp, imanyň görünmeýän umytlary nähili ynamly edýändigini…

Mukaddes Kitaby Öwrenmek
Injil Hudaýyň söýgüsini, Halasgäre bolan zerurlygyňyzy we Isa Mesih arkaly ebedi ýaşaýyş ýoluny açýar.

Hristologiýa
Mesih Köne Ähtde görnüşler, pygamberlikler we nyşanlar arkaly nädip açyk görkezilýändigini öwreniň. Tanyş…