Isa Mesih biziň üçin Öz janyny pida edende, biz hakyky söýginiň nämedigini bildik. Diýmek, biz hem doganymyz üçin janymyzy pida etmäge taýýar bolmalydyrys.
1 Ýohanna 3:16
Gündelik nur
Isa Mesih biziň üçin Öz janyny pida edende, biz hakyky söýginiň nämedigini bildik. Diýmek, biz hem doganymyz üçin janymyzy pida etmäge taýýar bolmalydyrys.
1 Ýohanna 3:16
Hawa, Hudaýyň kämilliginden dolup bileriňiz ýaly, Mesihiň aň-bilim ýeterden üstün bolan bu söýgüsine akyl ýetirip bilmegiňizi Hudaýdan dileýärin.
Efesliler 3:19
Kim janyny dostlary üçin pida etse, mundan beýik söýgi ýokdur.
Ýohanna 15:13
Çünki siz Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetini bilýäňiz: Ol baý bolsa-da, siziň hatyraňyz üçin garyp boldy. Isa Mesih muny Özüniň garyplygy arkaly siziň baý bolmagyňyz üçin edipdi.
2 Korintoslylar 8:9
Mähribanlarym, Hudaý bizi şeýle söýendigi üçin, biz hem biri-birimizi söýmelidiris.
1 Ýohanna 4:11
Biri-biriňize mähirli we rehim-şepagatly boluň. Hudaýyň sizi Mesih arkaly bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň.
Efesliler 4:32
Biri-biriňize sabyrlylyk bilen çydaň. Araňyzda öýke-kine bar bolsa, biri-biriňizi bagyşlaň. Rebbiň sizi bagyşlaýşy ýaly, siz hem bagyşlaň.
Kolosiýalylar 3:13
Ynsan Ogly hem Özüne hyzmat edilmegi üçin däl-de, eýsem, başgalara hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny gurban edip, olary azat etmek üçin geldi» diýdi.
Mark 10:45
Ine, siz şunuň üçinem çagyryldyňyz, sebäbi Mesih siziň üçin ejir çekdi. Öz yzyna eýermegiňiz üçin, Ol size görelde boldy.
1 Petrus 2:21
Eger Men siziň Agaňyz we Mugallymyňyz bolubam, aýagyňyzy ýuwan bolsam, onda siz-de biri-biriňiziň aýagyňyzy ýuwmalysyňyz. Meniň size edenimi, siz hem biri-biriňize edersiňiz diýip, Men size görelde görkezdim.
Ýohanna 13:14–15
Isa Mesih biziň üçin Öz janyny pida edende, biz hakyky söýginiň nämedigini bildik. Diýmek, biz hem doganymyz üçin janymyzy pida etmäge taýýar bolmalydyrys.
1 Ýohanna 3:16
Isa olara şeýle jogap berdi: «Hakykatdan hem, Atasynyň eden zatlaryny görmese, Ogul Öz-Özünden hiç zat edip bilmez. Atasy näme etse, Ogul-da şony edýändir.
Ýohanna 5:19
Çünki danalyk berýän Rebdir, bilim hem düşünje Onuň agzyndan çykýandyr.
Süleýmanyň pähimleri 2:6
Munuň üçin Men size söz hem akyldarlyk bererin. Size garşy çykýanlaryň hiç biri muňa ne garşy durup biler, ne-de bir zat aýdyp biler.
Luka 21:15
Emma Reb şeýle diýdi: «Saňa beren merhemetim besdir, sebäbi Meniň gudratym ejizlikde kämilleşýändir». Şonuň üçin-de, Isa Mesihiň güýji mende mesgen tutsun diýip, öz ejizliklerim barada höwes bilen magtanaryn.
2 Korintoslylar 12:9
Isa Mesihiň guly we Ýakubyň dogany bolan men Ýahudadan Hudaýyň halky bolmaga çagyrylanlara dogaýy salam! Bu haty Atamyz Hudaý tarapyndan söýlüp, Isa Mesih arkaly goralýan size ýazyp ýollaýaryn.
Ýahuda 1:1
Ynsanlary mukaddes edýän Isa we Ol arkaly mukaddes edilenler indi bir maşgala degişlidir. Şonuň üçin hem Isa olara dogan diýmekden utanmaýar.
Ýewreýler 2:11
Gizlin ýerlerde bukulany Meniň görmejek gümanym barmy? Muny Reb aýdýandyr. Asmany hem ýeri Men doldurmaýarynmy? Muny Reb aýdýandyr.
Ýermeýa 23:24
Imanlylar ýygnagy Mesihiň bedenidir. Ol ähli zady Özünde jemleýän Mesih bilen doldurylandyr.
Efesliler 1:23
Men, diňe Men Rebdirin, Menden başga Halasgär ýokdur.
Işaýa 43:11
Olar aýala: «Indi biz seniň aýdanlaryňa görä iman etmeýäris, muny özümiz eşitdik. Ol, dogrudan-da, dünýäniň çyn Halasgäri» diýdiler.
Ýohanna 4:42
Eý, Titus, imanymyzyň bir bolandygy üçin, men seni hakyky oglum saýýaryn. Goý, Atamyz Hudaýyň we Halasgärimiz Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy saňa ýar bolsun!
Titus 1:4
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
Soňky günler
Hemmesini gör28 sen 2026
27 sen 2026
26 sen 2026
25 sen 2026
24 sen 2026
23 sen 2026
22 sen 2026

Halasgärlik
Günäniň jezasyny we güýjünden halas bolmakdan başlap, onuň barlygyndan geljekki halasgärlige çenli…

Janypkeşlik
Ýigrenilen gysganç Marsel üçin gizlin suw üpjünçiligini etdi. Onuň gurbanynyň Isanyň ähli iman edýänler üçin…

Ebedi Howpsuzlyk
Isa Mesihdäki imanlylar üçin ebedi howpsuzlygyň Mukaddes Ýazgylardaky kepilligini açyň. Halas bolmagyň, bir…

Hudaýyň Sypatlary
Hudaýyň mukaddesliginiň tebigatyny, iman edýäniň Mesihdäki ýagdaý mukaddesligini we mukaddesleşdirme arkaly…

Mukaddeslik
Mukaddes Kitabyň keramatly adamlar barada hakykatdan-da näme öwredýändigini öwreniň. Her bir iman eden adam…

Ahyrzaman
Mesih Isa we Onuň halas edilenleri kämil bagtda ýaşaýan täze asmanlaryň we täze ýeriň ebedi ýagdaýyny açyň.