Musa eline Äht ýazylan iki sany ýasy daş bölegini alyp, Sinaý dagyndan aşak düşdi. Ol dagdan aşak inip gelýärkä, Hudaý bilen gepleşendigi üçin, onuň ýüzi nur saçýardy. Mundan onuň özi hem bihabardy.
Müsürden çykyş 34:29
Gündelik nur
Musa eline Äht ýazylan iki sany ýasy daş bölegini alyp, Sinaý dagyndan aşak düşdi. Ol dagdan aşak inip gelýärkä, Hudaý bilen gepleşendigi üçin, onuň ýüzi nur saçýardy. Mundan onuň özi hem bihabardy.
Müsürden çykyş 34:29
«Ejirlerim juda köp» diýip gürledim, ýöne şonda-da men iman etdim.
Zebur 115:1
Şonda dogry adamlar Oňa jogap berip diýerler: „Ýa Reb, biz Seni haçan aç görüp, nan berdik? Haçan teşne görüp, suw berdik?
Matta 25:37
Öz şahsy islegiňizden ýa-da şöhratparazlykdan hereket etmäň. Tersine, başgalary özüňizden üstün saýyp, pespäl boluň.
Filipililer 2:3
Eý, ýaşlar, siz hem ýaşululara tabyn boluň. Hemmäňiz biri-biriňiz bilen pespäl boluň, sebäbi «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».
1 Petrus 5:5
Şol ýerde olaryň gözüniň alnynda Onuň keşbi üýtgedi. Onuň ýüzi Gün kimin parlady, eginbaşy ap-ak bolup, yşyk saçdy.
Matta 17:2
Ýokary mejlisde oturanlar Stefana dikanlap seretdiler we onuň ýüzüniň edil perişdäniň ýüzüne meňzeýändigini gördüler.
Resul 6:15
Maňa beren şöhratyňy olara berdim. Biziň bir bolşumyz ýaly, olar-da bir bolsun.
Ýohanna 17:22
Biz hem ýüzümizi basyrman, Rebbiň şöhratynyň ýalkymyny görýäris. Rebbiň Ruhy ählimizi gitdigisaýy nurlandyryp, bizi Öz keşbine özgerdýär.
2 Korintoslylar 3:18
Siz dünýäniň yşygysyňyz. Depede gurlan şäheri gizläp bolmaz. Çyrany ýakyp, gabyň aşagynda goýýan däldirler. Ony çyradanyň üstünde goýýandyrlar, şonda ol öýdäkileriň hemmesine yşyk berýändir.
Matta 5:14–15
Dawut piliştliler bilen bile Şawulyň garşysyna uruşmak üçin gelende, manaşalardan käbiri onuň tarapyna geçdi. Ýöne Dawut piliştlilere kömek etmedi, sebäbi pilişt baştutanlary özara maslahatlaşyp: «Dawut öz jenaby Şawulyň tarapyna geçip, bizi satar» diýip, ony yzyna ugratdylar.
1 Ýyl ýazgylary 12:19
Bularyň hemmesi batyr ýigitlerdir goşun baştutanlary bolup, olar Dawuda alamançylaryň toparlaryna garşy söweşde kömek etdiler.
1 Ýyl ýazgylary 12:21
Her kesde Mukaddes Ruhuň aýan bolmagy hemmeleriň bähbidi üçindir.
1 Korintoslylar 12:7
ysakarlardan döwre görä Ysraýylyň näme etmelidigini bilýän iki ýüz baştutan; olaryň baştutanlygy astynda bolan ähli garyndaşlary.
1 Ýyl ýazgylary 12:32
Mukaddes Ruh kimdir birine danalyk bilen, ýene birine bilim bilen öwretmek peşgeşini berýär.
1 Korintoslylar 12:8
Zebulunlardan taplanan, ähli söweş enjamlary bilen ýaraglanan, Dawuda kömek etmekde maksada okgunly elli müň esger;
1 Ýyl ýazgylary 12:33
Ol her bir edýän işinde durnuksyz hem ikigöwünlidir.
Ýakup 1:8
Ol muny bedende hiç bölünişik bolman, agzalar biri-biri barada deň derejede alada etsinler diýip etdi. Eger bir agza horluk çekse, beýleki agzalar hem horluk çekerler. Eger bir agza hormatlanylsa, ähli agzalar muňa şatlanar.
1 Korintoslylar 12:25–26
Rebbiňiz-de, imanyňyz-da birdir, siziň hemmäňiz bir maksat bilen çümdürilensiňiz.
Efesliler 4:5
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
Soňky günler
Hemmesini gör3 okt 2026
2 okt 2026
1 okt 2026
30 sen 2026
29 sen 2026
28 sen 2026
27 sen 2026

Hudaýyň Sypatlary
Hudaýyň mukaddesliginiň tebigatyny, iman edýäniň Mesihdäki ýagdaý mukaddesligini we mukaddesleşdirme arkaly…

Mukaddes Ruh
Çykyş 18-däki Ýetronyň maslahaty baradaky hasabat Buthanadaky adam guramaçylyk gurluşlary barada soraglar…

Ruhy söweş
Hudaýyň sesini şeýtanyň ýalanlaryndan nädip tapawutlandyrmalydygyny, eşidýän zadyňyzy Mukaddes Kitabyň…

Mukaddeslik
Hudaýyň Gazaby Mukaddes Hereket Ine, Merhemet we Hakykat Žurnaly Hudaýyň Gazaby Mukaddes Hereket Şu…

Umut
Mesihçiniň umydyna, Hudaýyň sarsmaz wadalaryna esaslanýan ynamly garaýşa Mukaddes Ýazgylardaky garaýşy açyň.

Mukaddeslik
Mukaddes Kitabyň keramatly adamlar barada hakykatdan-da näme öwredýändigini öwreniň. Her bir iman eden adam…