Emma Ol meniň ýöreýän ýolumy bilýär, meni synaga salanda, altyn deý päk çykaryn.
Eýýup 23:10
Gündelik nur
Emma Ol meniň ýöreýän ýolumy bilýär, meni synaga salanda, altyn deý päk çykaryn.
Eýýup 23:10
Ynsanlar, mallar toprakdan azygyny edinsin diýip, olar üçin galla, otlar ösdürýäň:
Zebur 103:14
Hasrat berip, gaýga batyrsa-da, bulary Ol ýürekden etmez.
Ýermeýanyň agysy 3:33
Emma her niçik bolsa-da, Hudaýyň tutan binýady berk durandyr. Bu binýat «Reb Özüniňkileri tanaýandyr», «Rebbiň adyny ykrar edýän her kes ýamanlykdan uzakda dursun» diýen sözler bilen möhürlenendir. Uly hojalykdaky gaplaryň ählisi altyndan we kümüşden däldir. Olaryň arasynda agaçdan, toýundan ýasalanlary hem bardyr. Olaryň käbiri dabaraly, käbiri bolsa adaty maksatlar üçin ulanylýandyr. Imanlylar babatda hem şeýle: özüni her tüýsli ýamanlykdan saklaýan imanly ýörite saýlanylyp, Hojaýyny üçin ýaramly gap kimin bolar. Ol islendik ýagşy işler üçin taýýardyr.
2 Timoteos 2:19–21
Ol kümşi eredip saplaýan ýaly oturyp, Lewiniň neslini saplar, olary altyn-kümüş kimin eredip tämizlär. Şonda olar sadakalaryny Rebbe dogrulyk bilen hödür ederler.
Malaky 3:3
Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.
Zakarýa 13:9
Bolgusyzlar bilen men oturmaýaryn, ikiýüzlülere ýaran bolmaýaryn.
Zebur 25:4
Musa Rebbe şeýle diýdi: «Ine, Sen maňa bu halky äkit diýdiň, ýöne meniň bilen kimi iberjekdigiňi aýan etmediň. Sen maňa: „Men seniň adyňy gowy tanaýaryn, sen Meniň nazarymda merhemet tapdyň“ diýdiň. Eger men dogrudan-da, Seniň göwnüňden turan bolsam, maňa Öz ýollaryňy görkez. Şonda men Seni gowy tanap, nazaryňda ýene-de merhemet taparyn. Ýatdan çykarma, bu millet Seniň Öz halkyňdyr». Reb Musa: «Men seniň bilen giderin we saňa parahatçylyk bererin» diýdi.
Müsürden çykyş 33:12–14
Suwlar Seniň käýinjiňden yza çekilýär, gürrüldiňiň sesini eşidip, gaçýar.
Zebur 103:7
Günäkärleriňki bilen bile alma meniň janymy, ganhorlaryňky bilen bile – ýaşaýyşymy.
Zebur 25:9
Tekiz ýerde dur meniň aýagym, Rebbe alkyş aýtjak men jemagatda.
Zebur 25:12
Men Rebbe edýärin dady-perýady, Ol mukaddes dagyndan maňa berýär jogaby. Sela Men ýatýaryn hem-de uka gidýärin, sag-aman oýanýaryn, çünki Reb goldaýar meni.
Zebur 3:5–6
Olar her ädimimizi aňtap, gurşaýarlar daşymy, meni ýere urmak üçin peýleýärler pursady.
Zebur 16:11
Bütin ýer ýüzi, goý, Rebden gorksun; dünýäde ýaşaýanlaryň bary Ondan eýmensin.
Zebur 32:8
Ýöne dogruçyllaryň ýodasy daň şapagy ýalydyr, gün dogýança, gitdigiçe ýagtylýandyr.
Süleýmanyň pähimleri 4:18
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
Soňky günler
Hemmesini gör29 sen 2026
28 sen 2026
27 sen 2026
26 sen 2026
25 sen 2026
24 sen 2026
23 sen 2026

Ygtybarlylyk
Synaglar köp bolsa-da, Hudaý Öz halkyny kämil akyldarlyk we mähirli söýgi bilen arassalaýar. Biziň ejir…

Ýaradylyş
Hudaý gökleri we ýeri ýaratdy, we Hudaý: ‘Suwlaryň ortasynda giňişlik bolsun’ diýdi (aý. 1:20) Hudaý: ‘suwuň…

Dünýewilik
Hristianlar ýykylan dünýäde tapawutly ýaşamaga, dünýewi gymmatlyklara laýyk gelmezden Hudaýa wepalylygy…

Hristologiýa
Mesih Köne Ähtde görnüşler, pygamberlikler we nyşanlar arkaly nädip açyk görkezilýändigini öwreniň. Tanyş…

Eskatologiýa
Reb Isa Mesihiň gaýdyp gelmegi baradaky Injil pygamberliklerini we wadadyr, Onuň ilkinji gelmeginden tä iman…

Janyna Kast Etmek
Öz janyna kast etmek, ebedi howpsuzlyk we imanlynyň Mesihdäki ykbaly barada Mukaddes Kitap garaýşyny öwreniň…