5-Ölümden ilkinji bolup direlen, dünýä şalarynyň Hökümdary bolan sadyk şaýat Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun!
Şöhrat we gudrat baky Mesihiňkidir! Çünki Ol bizi söýensoň, ganyny döküp, günälerimizden azat etdi. Ol bizden Şalyk ýaradyp, Atasy Hudaýa hyzmat etmek üçin bizi ruhanylar belledi. Omyn!
Aýanlyk 1:5
Yşky ne bol suwlar söndürer,
ne-de derýalar ony gark edip biler.
Ynsan yşk üçin bary-ýoguny berse-de,
ol ýigrenç bilen ret edilerdi.
Nagmalar 8:7
Ýüregiňde,
goluňda sakla meni möhür deý;
çünki yşk ölüm deý güýçli,
gabanjaňlyk gabyr deý ýowuz.
Yşkyň ýalny otly ýalyndyr,
lowlaýan ýalyndyr ol.
Nagmalar 8:6
Kim janyny dostlary üçin pida etse, mundan beýik söýgi ýokdur.
Ýohanna 15:13
Biziň günä garşy ölüp, dogruçyllyk ugrunda ýaşamagymyz üçin, Ol haçda günälerimizi Öz üstüne ýükledi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz.
1 Petrus 2:24
Hudaý çuňňur baý merhemeti bilen Oglunyň döken gany arkaly günälerimizi bagyşlap, bizi azat etdi.
Efesliler 1:7
Siziň-de käbirleriňiz şolar ýalydyňyz. Ýöne siz Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen Hudaýymyzyň Ruhy arkaly ýuwuldyňyz, Hudaýyň mukaddes halky bolduňyz, aklandyňyz.
1 Korintoslylar 6:11
Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.
1 Petrus 2:9
Şoňa görä-de, eý, doganlar, Hudaýyň merhemetiniň hatyrasy üçin size ýalbarýaryn: özüňizi Onuň halajak diri we mukaddes gurbanlygy hökmünde hödürläň. Şeýtseňiz, Hudaýyň huzurynda mynasyp tärde hyzmat etdigiňiz bolar.
Rimliler 12:1
Hyzmatlar dürli-dürlüdir, ýöne olaryň bary şol bir Reb üçindir.
1 Korintoslylar 12:5
Adyýeliň ogly Azmawet patyşanyň hazynaçysydy. Ýurduň, şäherleriň, obalardyr galalaryň hazynaçysy bolsa Uzyýanyň ogly Ýonatandy. Ýer işi üçin ekin meýdanlarynda işleýänlere Kelubyň ogly Ezri baştutanlyk edýärdi. Ramaly Şimgi üzüm baglaryna, şepamly Zabdy üzüm baglaryndaky şerap ammarlaryna,
1 Ýyl ýazgylary 27:25–27
hagarly Ýazyz dowarlara garaýardy. Şularyň hemmesi Dawut patyşanyň mülklerine gözegçilik eden adamlardy.
1 Ýyl ýazgylary 27:31
Hudaý ýygnaga ilki bilen resullary, soňra pygamberleri, üçünji edip öwredijileri belledi. Soňra gudrat görkezýänleri we şypa berýänleri, ýardam berýänleri we dolandyrýanlary, soňra nämälim dillerde gürleýänleri belledi.
1 Korintoslylar 12:28
Bularyň baryny ýeke-täk bir Mukaddes Ruh edýändir. Ol her kese Öz isleýşine görä berýändir.
1 Korintoslylar 12:11
Hudaý siziň her biriňize dürli ruhy peşgeşler berdi. Olary biri-biriňize hyzmat etmek üçin ulanyň. Kim geplese, Hudaýyň sözleri bilen geplesin. Kim hyzmat etse, Hudaýyň beren güýç-kuwwatyna görä hyzmat etsin. Isa Mesih arkaly Hudaý ähli zatda şöhratlansyn! Şöhrat we gudrat ebedilik Onuňky bolsun! Omyn.
1 Petrus 4:10–11