Erkeç olaryň ähli ýazyklaryny göterip, adam aýagy sekmedik bir ýere äkider. Ýaňky bellenen adam erkeji boşadyp çöle ibersin.
Lewiler 16:22
Gündelik nur
Erkeç olaryň ähli ýazyklaryny göterip, adam aýagy sekmedik bir ýere äkider. Ýaňky bellenen adam erkeji boşadyp çöle ibersin.
Lewiler 16:22
Gök guşlary çeşmeleriň boýnunda mesgen tutunýar, ýapraklaryň arasyndan olar saýraşýar.
Zebur 103:12
Men aman galdyranlarymy bagyşlaryn. Şol günlerde, şol döwürde Ysraýylyň ýazygy agtarylar, ýöne onuň hiç bir ýazygy bolmaz, Ýahudanyň günäleri agtarylar, ýöne ondan hiç zat tapylmaz. Muny Reb aýdýandyr.
Ýermeýa 50:20
Rehimi iner Onuň bize ýene-de. Etmişlerimizi aýak astyna atar. Ähli günälerimizi deňziň düýbüne taşlarsyň.
Mika 7:19
Öz mirasyndan aman galanlaryň ýazygyny bagyşlap, günäsini geçýän başga Hudaý barmyka? Gazabyny ebedi saklamaýar Ol, çünki Ol merhemet görkezmegi söýýär.
Mika 7:18
Ählimiz edil goýun ýaly azaşdyk; öz ýolumyz bilen gitdik herimiz, Reb ählimiziň etmişimizi oňa ýükledi.
Işaýa 53:6
Janynyň çeken jebir-jepalarynyň hözirini görüp, ol kanagatlanar. Öz bilşine görä, Meniň dogry gulum köpleri aklar, öz üstüne alar olaryň etmişini. Şonuň üçin Men oňa beýik adamlaryň arasyndan paý bererin; oljany güýçlüler bilen paýlaşar ol, janyny gurban etdi ol, ýazyklylar bilen bir saýyldy; ol köpleriň günäsini öz üstüne aldy, olaryň ýazyklarynyň geçilmegini diledi.
Işaýa 53:11–12
Ertesi güni Ýahýa öz ýanyna gelýän Isany görüp, şeýle diýdi: «Ine, dünýäni günäden saplaýan Hudaýyň Guzusy!
Ýohanna 1:29
Emma men nähili bolsam-da, diňe Hudaýyň merhemeti arkaly şeýle boldum. Onuň maňa eden merhemeti puja çykmady: men hemmelerden-de köp zähmet çekdim. Aslynda muny men däl-de, maňa ýar bolan Hudaýyň merhemeti etdi.
1 Korintoslylar 15:10
Ýaradanlarynyň arasynda Onuň saýlan halky bolmagymyz üçin, Hudaý hakykat sözi arkaly bize täze ýaşaýyş bermegi karar etdi.
Ýakup 1:18
Şonuň üçin-de, saýlanyp-seçilme adamyň islegine ýa-da tagallasyna däl-de, Hudaýyň merhemetine baglydyr.
Rimliler 9:16
Indi magtanara tutarygymyz galdymy? Asla galan däldir! Bu haýsy kanuna görä şeýle boldy? Parzlary berjaý edilmeli kanuna görämi? Ýok, iman kanunyna görä şeýle boldy.
Rimliler 3:27
Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygydyr. Biz Ol arkaly aklanyp päklendik. Isa Mesih bizi Özüne mukaddes halk edinip, günälerimiziň jezasyndan gutardy. Şunlukda, Mukaddes Ýazgylarda ýazylyşy ýaly: «Öwünýän diňe Reb bilen öwünsin».
1 Korintoslylar 1:30–31
Owal siz ýazyklaryňyz we günäleriňiz sebäpli ölüdiňiz. Edil dünýädäki beýleki adamlar ýaly siz-de günäli ýaşaýşa eýerip, Hudaýa tabyn bolmadyklara heniz-de täsirini ýetirýän gökdäki ruhy güýçleriň hökümdaryna gulluk edýärdiňiz. Biziň hemmämiz şolar ýaly ýaşamagy adat edindik. Biz ynsan tebigatynyň höweslerine, isleglerine we pikirlerine eýerdik. Şeýlelikde, biz-de beýlekiler ýaly ynsan tebigatymyz zerarly Hudaýyň gazabyna duçar bolan adamlardyk.
Efesliler 2:1–3
Siziň-de käbirleriňiz şolar ýalydyňyz. Ýöne siz Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen Hudaýymyzyň Ruhy arkaly ýuwuldyňyz, Hudaýyň mukaddes halky bolduňyz, aklandyňyz.
1 Korintoslylar 6:11
Mukaddes Ýazgy saýlamalary Daily Light on the Daily Path kitabyndan (jemgyýetçilik eýeçiligi).
Soňky günler
Hemmesini gör1 okt 2026
30 sen 2026
29 sen 2026
28 sen 2026
27 sen 2026
26 sen 2026
25 sen 2026

Ebedi Howpsuzlyk
Isa Mesihdäki imanlylar üçin ebedi howpsuzlygyň Mukaddes Ýazgylardaky kepilligini açyň. Halas bolmagyň, bir…

Töleg
Jezasy üçin çalşyk alan oglanjygyň hekaýasyny açyň we Isa Mesihiň biziň günälerimiz üçin iň soňky çalşyk…

Mukaddeslik
Mukaddes Kitabyň keramatly adamlar barada hakykatdan-da näme öwredýändigini öwreniň. Her bir iman eden adam…

Mukaddeslik
Hudaýyň Gazaby Mukaddes Hereket Ine, Merhemet we Hakykat Žurnaly Hudaýyň Gazaby Mukaddes Hereket Şu…

Halasgärlik
Gark bolýan adama sapaklar däl-de, halasgär gerek. Ruhy taýdan, ähli adamlar günä etdi we olary hökümetden…

Ybadat
Gadymy Ysraýyl aýallary öz aýnalaryny çadyryň ýuwujy gaby üçin gurban etdiler, bu ruhanylara Hudaýyň öňünde…